Katarly ministr Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Kataryň Ykdysadyýet ministri Ahmet Bin Jasym Al Sani Katar bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pajarlap ösýändigini nygtady

779371
Katarly ministr Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Al Sani “Bu krizisde bize goldaw beren Prezident Erdogana, Türkiýe döwletine we türk halkyna öz minnetdarlygymyzy bildirýäris” diýdi.

Kataryň Ykdysadyýet ministri Al Sani türk firmalaryny ýurdunda maýa goýmaga çagyrdy.

Al Sani paýtagt Dohada Hürriýet gazetine beýanat berdi.

Katarlylaryň 5-nji iýunda emele gelen krisize garamazdan adaty ýagdaýda gündelik durmuşlaryny dowam etdirýändigini aýdan Al Sani; “Bu ýerde esasan hem Türkiýe uly rol oýnady. Süýt we towuk önümlerini, gök we miwe önümlerini Türkiýeden getirdik. Krizisiň ilkinji günlerinde şol önümleriň Türkiýeden getirilmeginde türk firmalary uly rol oýnady. Şol sebäpli hem katarlylar krizise garamazdan adaty ýagdaýda gündelik durmuşlaryny dowam etdirýär. Krizisde biz ýakyndan goldaw beren Prezident R. T. Erdogan, Türkiýe döwletine we türk halkyna uly minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

Türkiýeli we katarly işewür adamlarynyň geljek aý İzmir şäherinde duşuşjakdygyny aýdan Al Sani ýurduna goýlan embargonyň hem Türkiýedäki hem-de Katardaky ähli pudaklarda edilýän söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin uly pursatdygyny ýatlatdy.

 

 

 



Degişli Habarlar