Eýran äleme emeli hemra bekedi daşaýan raketa uçurdy

Resmiler bu synag bilen şol bir wagtda Ymam Humeýni älem merkeziniň resmi ýagdaýda açylandygyny habar berdiler

779139
Eýran äleme emeli hemra bekedi daşaýan raketa uçurdy

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä Eýran penşenbe güni äleme emeli hemra bekedi daşaýan raketa uçurdy.

Emeli hemra bekedi alyp barýan raketanyň adynyň “Simurgdygy” aýdylýan habarda synagyň üstünlikli ýagdaýda geçendigi mälim edildi.

Habarda “Simurg emeli hemra bekedi daşaýan raketanyň üstünlikli ýagdaýda uçurylmagy bilen Ymam Humeýni älem merkezi resmi ýagdaýda açyldy” diýilýär.

Habarda mundan başgada Simurg raketasynyň 250 kg agyrylyga çenli bolan emeli hemralary 500 km uzaklykdaky orbita ýerleşdirmek mümkinçiligine eýedigi mälim edildi.

ABŞ Eýranyň eýýäm ençeme ýyl bäri raketa uçurma programasy bilen şol bir wagtda uzak aralykly raketa önümçiliginde ulanyp bolýandygy sebäpli garşy çykýar. Eýran bolsa bu öňe sürmeleri ret edýär.

Eýran 2012-nji we 2013-nji ýyllarda äleme 2 aýry gezek maýmyn uçurandygyny we maýmynlaryň saglykly ýagdaýda yzyna gaýdyp gelendigini habar beripdi.



Degişli Habarlar