Srebrenisa gyrgynçyygynda ýogalan adamlar hatyralanýar...

Gyrgynçylyga 22 ýyl geçmegine garamazdan öldürilen müňlerçe adam entek tapylmady

768585
Srebrenisa gyrgynçyygynda ýogalan adamlar hatyralanýar...

Ýewropada II Jahan urşundan soň başdan geçirilen iň uly tragediýa hökmünde häsýetlendirilýän we 8 müňden gowrak bosniýalynyň öldürilmegi bilen netijelenen Srebrenisa genosidinde ýogalan adamlaryň ýene-de 71-siniň şahsyýeti anyklandy.

Bosniýa-Gersegowinanyň gündogaryndaky Srebrenisada 1995-nji ýylda bolup geçen genositde ýogalan adamlaryň 71-si öýlän namazyndan soň, Potoçari gonamçylygynda jaýlanmagy bilen ol ýerde jaýlanan adamlaryň sany 6575 adama ýeter.

Şu ýyl Potoçari gonamçylygynda geçirilýän hatyralama çäresine Türkiýä Wise-premýer Numan Kurtulmuş wekilçilik edýär.

Numan Kurtulmuşa Türkiýäniň radio telewideniýe guramasy TRT-niň Baş müdüri Ibrahim Eren hem ýoldaşlyk edýär.

1995-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ratko Mladiçiň ýolbaşçylygyndaky serbiýaly harby bölümler Srebrenisany basyp aldylar.

BMG-nyň gol astyndaky gollandiýaly esgerleriň gözegçiligi astynda bolan bosniýalylaryň serbiýalylara berilmeginden soň gyrgynçylklar başlady.

Ol ýerde serbiýalylar tarapyndan öldürilen 8 müňden gowrak bosniýaly köpçülikleýin mazarlarda gömüldiler.

Gyrgynçylyga 22 ýyl geçmegine garamazdan öldürilen müňlerçe adam entek tapylmady.



Degişli Habarlar