Londonda hüjüm guran terrorçylaryň şahsyýetleri mälim boldy

Butt, Redouane we üçünji hüjümçi wakanyň bolan gijesi polis tarapyndan öldürilipdi

746599
Londonda hüjüm guran terrorçylaryň şahsyýetleri mälim boldy

Britaniýanyň paýtagty Londonda geçen hepdäniň şenbe güni 7 adamyň ýogalmagy, 48 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen hüjümden soň göz tussaglygyna alynan 12 adam azat edildi.

Londonyň polisiýa gullugy London köprüsinde we Borough bazarynda hüjümi guran terrorçylaryň şahsyýetlerini mälim etdi.

Polis gullugy hüjümçileriň biriniň Pakistanda dogulan Britaniýanyň raýaty Khuram Buttdygyny habar berdi.

Öýlenen we çagalary bolan 27 ýaşly Butt eýýäm birnäçe ýyl bäri Londonyň gündogaryndaky Barking etrapçasynda ýaşaýardy.

Beýleki hüjümçiniň bolsa asly Marokko we Liwiýaly bolan 30 ýaşly Raşid Redouanedigi mälim edildi.

Butt, Redouane we üçünji hüjümçi wakanyň bolan gijesi polis tarapyndan öldürilipdi.

Italiýanyň metbugaty üçünji hüjümçiniň Ýoussef Zaghbadygyny öňe sürdi.

Corriere Della Seranyň habaryna görä Marokkonyň Fes şäherinde 1995-nji ýylda dogulan Zaghbanyň kakasynyň marokkoly, ejesiniň bolsa italiýan.

Beýleki tarapdan Khuram Buttyň Channel 4 kanalynda ýaýlyma berilýän dokumental filmde görülendigi sebäpli ýurtda jedelleşige sebäp döretdi.

Buttyň geçen ýyl görkezilen “Gapy goňşymyz jihatçylar” atly dokumental filmde aşa pikirlerini gizlemeýändigini görüp bolýar.

Buttyň Londonyň Regents Park diýilen ýerinde ýerleşýän metjitde ylymly musulmanlara propoganda edip durka, polisiýa gullugynyň işgärleri bilen jedelleşige girendigi habar berilýär.

Ady agzalan dokumental filmiň 1,2 million adam tarapyndan görülmegi we Buttyň MI5 gullugynyň gözegçilik sanawynda bolmagyna garamazdan bu hüjümiň öňüniň alynmazlygy Britaniýanyň häzirki wagtda iň uly jedelleşiginiň döremegine sebäp döretdi.

Hüjümçiler şenbe güni agşam ulaglary bilen London köprüsindäki adamlaryň üstüne sürenlerinden soň, Borough bazarynda adamlary pyçaklapdylar.

36 adamyň entegem hassahanadadygyny aýdan resmiler, 18 adamyň ýagdaýynyň agyrdygyny bellediler.

Terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan hüjümden soň başlanan derňew işi dowam etdirilýär.



Degişli Habarlar