Nigeriýa meningit epdemiýasy bilen ýüz-ýüze

Nigeriýanyň 23 welaýatynda duş gelinen meningit epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1069 adama ýetdi

731220
Nigeriýa meningit epdemiýasy bilen ýüz-ýüze

Nigeriýanyň Kesellere gözegçilik merkezinden berilen beýanatda ýurtdaky 36 welaýatynyň 23-sinde 13420 adamyň meningit bilen keselländigi, meningit bilen kesellän 1069 adamyň ýogalandygy habar berilýär.

Merkez ozal 17-nji aprele çenli saglygy goraýyş guramalaryna 8057 adamyň ýüz tutandygyna we şolaryň 745-siniň ýogalandygyny belläpdi.

Meningit Nigeriýada 2015-nji ýylda 131 adamyň, 2016-njy ýylda bolsa 33 adamyň ýogalmagyna sebäp bolupdy.

 



Degişli Habarlar