Bagdatda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 47 adam ýogaldy

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy

674460
Bagdatda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 47 adam ýogaldy

Yragyň paýtagty Bagdatda bomba ýüklenen ulag bilen düýn guralan hüjümde 47 adam ýogaldy, 50 adam ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

Bagdadyň gündogarynda ýerleşýän As Sadr etrapçasynda guralan hüjümde hem 12 adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy.

Türkiýe Yrakda guralan bombaly hüjümleri berk ýazgardy.

Daşary işler ministrligi ýazmaça beýanatynda hüjümde ýogalanlara gynanç bildirildi.

Beýanatda “Terrora garşy göreşde yrakly doganlarymyza goldaw berýäris we birlikde hereket etmäge dowam ederis” diýildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy hem Yrakda guralan hüjüm sebäpli gynanç bildirdi.

 


Etiketkalar: #bomba , #ulag , #Bagdad , #Yrak , #ABŞ

Degişli Habarlar