Liwiýa degişli uçary alyp gaçan garakçylar boýun egdiler

Liwiýa degişli uçary alyp gaçan garakçylar howpsyzlyk güýçlerine boýun egdiler

636840
Liwiýa degişli uçary alyp gaçan garakçylar boýun egdiler

Içinde 1-i bäbek bolan Liwiýa degişli uçar alynyp gaçylyp, Malta gonduryldy.

Kaddafiniň tarapdarlary bolandygy anyklanan uçar garakçylary uçary partlatmak bilen hemle atdylar.

Wakanyň başlangyjyndan takmynan 3 sagat soň 25 adamdan ybarat zenanlar we çagalar azat edildi.

Birnäçe wagt soň azat edilenleriň sany 109-a ýetdi.

Maltanyň Premýer ministri ekipažyň hem bir böleginiň azat edilendigini mälim etdi.

Berilen soňky maglumata görä howa garakçylary we uçarda galan ekipaž uçary terk etdiler.

Garakçylar polisiýa işgärlerine boýun egdiler.



Degişli Habarlar