Her ýyl 5,5 million zenan rak keselinden ýogalyp biler

2030-nji ýylda başlap her ýyl 5,5 million zenan rak keseli sebäpli ýogalyp biljekdigi çak edilýär

601974
Her ýyl 5,5 million zenan rak keselinden ýogalyp biler

Amerikan Rak jemgyýeti Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen Bütindünýä Rak keseli kongresinde beren habarnamasynda rak keseliniň esasan hem pes we orta girdejili derejelere eýe ýurtlara täsir ýetirjekdigi mälim edildi.

Habarnamada ýogalan adamlaryň artmagynyň ilatyň garry böleginiň ýokarlanmagy, hereketsizlik, ýalňyş iýmitlenmek we semizlik ýaly faktorlar sebäpli boljakdygy aýdylýar.

Habarnamada mundan başgada zenanlaryň ölüm sebäpleriniň arasynda ragyň ýürek kesellerinden soň 2-nji orundadygy gelýändigi nygtaldy.

2012-nji ýylda rakdan ýogalan 8 million adamyň 3,5 millionynyň zenanlardan ybaratdygy aýdylýan habarnamada häzirki wagtda ýogalan zenanlaryň 14 göteriminiň rakdan ýogalýandygy habar berilýär.

Habarnamada 2012-nji ýylda 1,7 million göwüs ragynyň anyklanandygy we şolaryň 522 müňüniň ýogalandygy mälim edilýär.
 



Degişli Habarlar