Trudu: “Russiýa bilen gatnaşyklar özara gatnaşyklarymyza zeper ýetirmez”

ABŞ Erdoganyň Russiýanyň saparynyň özara gatnaşyklary gowşatmajakdygyny beýan etdi

549011
Trudu: “Russiýa bilen gatnaşyklar özara gatnaşyklarymyza zeper ýetirmez”

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygy Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň Preizdenti Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynyň Waşington-Ankara gatnaşyklaryna zeper ýetirmejekdigini habar berdi.

Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Elizabet Trudu gündelik metbugat ýygnagynda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklar baradaky soraglara jogap berdi.

Prezident Erdogan bilen Russiýanyň Prezident Putiniň 9 aý soň ilkinji gezek özara geçiren duşuşygy barada durup geçen Trudu: “Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky ysnyşygyň biziň Türkiýe bilen gatnaşyklarymyza zeper ýetirmegi barada aladamyz ýok” diýdi.

Trudu Russiýa bilen Türkiýäniň garaşsyz ýurtlardygyna ünsi çekip: “Dünýäniň köp sanly ýerinde gatnaşyklar bar. Türkiýäniň we Russiýanyň umumy meselesi diňe bir terror guramasy DAİŞ däl, Halkara Siriýa goldaw topary hem umumy gyzyklanma ugurlaryndan biri” diýdi.

Trudu Türkiýe bilen bolan gatnaşyklaryň we dostlugyň iňňän güýçlidigini belläp: “Biz aç-açan beýan etdik, biz türk hökümetiniň ýanynda durýarys” diýdi.

Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Elizabet Trudu Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň gaýtarylyp berilmegi baradaky soraga bolsa, türk tarapy bilen mesele boýunça gönüden işleşýändiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar