Meksikada ýeriň süýşmegi sebäpli 6 adam ýogaldy

Meksikanyň gündogar kenaryndaky Werakruz ştatynda Earl atly tupan sebäpli bolan ýeriň süýşmegi netijesinde 6 adam ýogaldy

546836
Meksikada ýeriň süýşmegi sebäpli 6 adam ýogaldy

Sebitdäki 15 çeşmäniň hanasyndan çykmagy sebäpli ençeme ýol we ýaşaýyş ýerleri suwuň aşagyna galdy

Resmiler tupanyň Puebla ştatyna ugrugandygyny we daglyk ýerlerdäki derýalaryň hanasyndan daşyp biljekdigini bellediler.

Geçen hepdäniň başyndan bäri Orta Amerika ýurtlaryna öz ýaramaz täsirini ýetiren Earl tupany Gwatemalada hem örän täsirli boldy.



Degişli Habarlar