Awstraliýada metjide hüjüm guraldy

Hüjümçileriň tussag edilmegi üçin derňew işi başladyldy

520783
Awstraliýada metjide hüjüm guraldy

Awstraliýanyň günbatarynda ýerleşýän Perth şäherindäki Thornlie metjidini nyşanan alan yslama garşy bolýan hüjümçiler tarawa namazy okalýan wagty ulaglaryň birini ýakdylar we diwarlara sögünç ýazgylar ýazdylar.

Perth şäheriniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Awstraliýa Yslam kolejine degişli Thornlie metjidinde tarawa namazy okalýan wagty guralan hüjümde 1 ulag dolulygyna ýandy, 4 ulaga bolsa zeper ýetdi.

Polisiýa gullugynyň işgärleri bolsa hüjümçileriň tussag edilmegi üçin derňew işini başlatdy.



Degişli Habarlar