Kolumbiýada harby dik uçar heläkçilige uçrady

Dik uçaryň ýaramaz howa şertleri sebäpli gaçandygy mälim edildi

519742
Kolumbiýada harby dik uçar heläkçilige uçrady

Kolumbiýada harby dik uçaryň ýere gaçmagy sebäpli 17 esger ýogaldy.

Harby çeşmeler dik uçaryň ýurduň paýtagty Bogotanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Kaldes sebitiniň Pensilwaniýa welaýatynda ýere gaçandygyny habar berdiler.

Wakanyň bolan ýerine baran halas ediji toparlar dik uçardaky 17 esgeriň hiç haýsysynyň halas bolup bilmändigini mälim etdiler.

Dik uçaryň ýaramaz howa şertleri sebäpli gaçandygy nygtaldy.

Ýurduň döwlet ýolbaşçysy Huan Manuel Santos waka sebäpli gynanç bildirdi.

Santos ýogalan esgerleriň gozgalaňçy topar bolan ELN-e garşy geçiriljek operasiýa gatnaşmak üçin sebite gidendigini belledi.

Esgerleri daşaýan MI 17 kysymly dik uçar ýekşenbe güni ýitipdi.



Degişli Habarlar