Poroşenko howa güýçlerine Russiýa garşy taýar bolmaklary üçin görkezme berdi

Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko howa güýçlerine Russiýa garşy “ýüz öwürdijilige” taýar bolmaklary üçin görkezme berdi

518099
Poroşenko howa güýçlerine Russiýa garşy  taýar bolmaklary üçin görkezme berdi

Harkow Howa güýçleri uniwersitetinde çykyş eden Prezident Poroşenko “Howa güýçlerimiz maksatlary, güýji we menzili taýdan Russiýanyň hüjüm ediji tutumyny ýüz öwürdip biljek we ähli hüjümlere gaýtawul berip biljek ýagdaýda güýçli bolmaly” diýdi.

Harby uçarlaryň we dik uçarlaryň döwrebaplaşdyrylmagy we abatlanmagy üçin şu ýyl bujetden  95 million dollaryň bölünip berlendigini aýdan Poroşenko “Şeýlelikde ýaragly güýçlerimiz söweşe taýar ýagdaýyna getirilen 50 howa ulagyny alyp biler”diýip belledi.

Prezident Poroşenko ozal hem Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň materigiň iň uly ýaragly güýjüni durdurmagy başarandygyny aýdypdy.

 

 



Degişli Habarlar