Belgiýada terror operasiýasynda 12 adam göz tussaglygyna alyndy

Belgiýada geçirilen terrora garşy operasiýada hüjüm guramak üçin taýarlyk gören 12 adam göz tussaglygyna alyndy

513470
Belgiýada terror operasiýasynda 12 adam göz tussaglygyna alyndy

Düýn we şu gün geçirilen operasiýalaryň çäginde ýurdyň 16 aýry sebitine 40 aýry ýere operasiýa guran polisiýa gullugynyň işgärleri azyndan 40 adam soraga tutdy.

Resmiler tarapyndan göz tussaglygyna alynan adamlaryň şahsyýetleri we ele salynan deliller barada beýanat berilmedi.

Ýerli metbugat gulluklary göz tussaglygyna alynan adamlaryň Belgiýanyň milli ýygyndysynyň Ýewropa çempionatynda oýnajak oýunynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri sebäpli göz tussaglygyna alynandygyny öňe sürýärler.

Terror guramasy DAEŞ tarapyndan 22-nji martda Belgiýanyň paýtagty Brýusseliň Zawantem howa menzilinde we Maelbeek metro duralgasynda guralan hüjümde 32 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar