BMG Siriýada 4 şäherçeden 500 çagany başga şähere göçürýär

4 million adamyň gyssagly kömege garaşýar

475358
BMG Siriýada  4 şäherçeden 500 çagany başga şähere göçürýär

Siriýada gabaw astyndaky 4 şäherçede ýaralanan 500 çaga, BMG-nyň gözegçiligi astynda başga şähere göçürilýär.

Ady agzalýan şäherçeleriň ikisi oppozisionerleriň ikisi bolsa Siriýanyň hökümetiniň gözegçiligi astynda.

Geçen ýyl onlarça çaganyň açlyk sebäpli ýogalmagyna sebäp bolan paýtagt Damaskyň golaýyndaky Madaýa-da ýaralananlaryň we gyssagly kömege mätäç çagalaryň göçürilmegi üçin BMG 7 awtobus ugratdy.

Siriýanyň hökümetiniň gözegçiligi astyndaky Madaýadan we Zabadanide 250 adam başga şähere göçürildi.

Idlib şäherinde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Fuaa we Kefraýa şäherçelerinden hem 250 adam göçürler.

BMG şol etrapçalara ynsanperwer kömegini hem ugradýar.

Siriýada gabaw astyndaky 4 million adamyň gyssagly kömege garaşýandygy nygtalýar.


Etiketkalar: #BMG , #kömek , #göçürmek

Degişli Habarlar