YDYD guramasy Bagdadyň 80 kilometrine çenli geldi

YDYD guramasynyň ekstremistleri Siriaýda hem Deýruz Zur şäherini gabaw astyna aldy

94211
YDYD guramasy  Bagdadyň 80 kilometrine çenli geldi

Yrakda Mosul şäherini ele geçirenden soň günorta tarap barýan Yrak Damask Yslam Döwleti guramasynyň ekstremistleri Siriaýda hem ýurduň gündogarynda ýerleşýän Deýruz Zur şäherini gabaw astyna aldy.
Gara altyn taýdan baý Deýruz Zur şäherine guralan hüjüm YDYD guramasynyň Yrakda basyp alan sebitleri bilen Siriýada gözegçiligi astyndaky ýerleri birleşdirmek tagallasy hökmünde analiz edilýär.
Ekstremistleriň soňky gezek Ýefrat derýasynyň ugrunda bir köprüni ele geçirendigi we Deýruz Zur şäherini gabaw astyna alandygy nygtalýar.
Şäherde Al Nusra fronty bilen YDYD guramasynyň esktremistleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň dowam edýändigi, 40 günde 600-den gowrak adamyň ýogalandygy beýan edilýär.
YDYD guramasynyň ekstremistleri Yrakda bolsa Bagdadyň 80 kilometrine çenli geldi.
Ekstremistleriň şaýylaryň keramatly ýerleriniň ýerleşýän şäheri Sammarany basyp almak üçin soňky taýarlyklaryny görýändikleri nygtalýar.
Bagdatda meýletinler YDYD guramasyna garşy söweşmek üçin harby goşuna ýüz tutýar.
Amerikan ilçihanasynyň zerur halatynda diplomatlarynyň Bagdatdan göçürilmegi üçin taýarlyk görýändigi öňe sürülýär.
Ekstremistler Mosulyň köçelerini gan kölüne öwürýär.
YDYD guramasy internet arkaly beren beýanatynda yrakly 1700 esgeri öldürendiklerini öňe sürdi.
BMG-nyň ýolbaşçylary hem Mosulda diňe köçede yrakly esgerler bilen asuda ilatdan 17 adamyň jesediniň tapylandygyny aýan etdi.
Ýolbaşçylar ekstremistler tarapyndan tussaghanalardan boşadylan tussaglylaryň hem yrak polisine garşy söweşýändigini we köp sanly polisiň öldürlendigini habar berdi.
YDYD guramasynyň ekstremistlerine ozalky Baasçylaryň hem goldaw berýändigi öňe sürülýär.
Asylyp öldürlen Saddam Hüseýiniň gyzy ozalky Baas partiýasynyň hem YDYD guramasy bilen birlikde hereket edýändigini aýtdy.
Yrakdaky wakalar Eýranyň gün tertibinde hem esasy orun eýeleýär.
Metjitlerde YDYD guramasyna garşy söweş çagyryşy berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar