Owgan halky prezidentini saýlaýar

Saýlawda prezidentlige dalaşgärlerden Abdullah Abdullah bilen Eşref Gani bäsleşýär

94126
Owgan halky prezidentini saýlaýar

Owganystanda prezident saýlawynyň ikinji tapgyry geçirilýär.
Saýlawda prezidentlige dalaşgärlerden Abdullah Abdullah bilen Eşref Gani bäsleşýär.
Prezident Hamid Kerzeý kürsüsini şol iki dalaşgärden birine tabşyrar.
Bütin dünýä bankynyň ozalky işgäri Eşref Gani saýlawyň birinji tapgyrynda sesleriň 45 göterimini alypdy.
Hamid Kerzeýiň ýolbaşçylygyndaky hökümetde Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetiren Abdullah Abdullah bolsa birinji tapgyrda sesleriň 31,6 göterimini aldy.
Hamid Kerzeý Talibanyň agdarlan ýyly bolan 2001-nji ýyldan bäri Owganystanyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirýärdi.
Geljek 5 ýylyň dowamynda ýurdy gönükdirjek täze prezidentiň ilkinji nobatda howpsuzlygyň başda durmagynda galplyk we işsizlik meselesini çözmegine garaşylýar.
Owganystanda NATO-nyň çäginde häzir 32 müňi amerikaly bolmak bilen jemi 51 müňe golaý esger bar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar