Ukrainanyň ýaragly güýçleri Mariupli ele geçirdi

Ukrainanyň ýaragly güýçleri ýurduň günorta gündogarynda ýerleşýän port şäheri Mariupli ele geçirdi

93918
Ukrainanyň ýaragly güýçleri Mariupli ele geçirdi

Ukrainanyň ýaragly güýçleri ýurduň günorta gündogarynda ýerleşýän port şäheri Mariupli ele geçirdi.
Ukrainanyň İçeri işler ministri internet arkaly beren beýanatynda esgerleriň Mariupol şäher häkimliginiň jaýyna Ukrainanyň baýdagyny dikendikleri nygtaldy.
Düýn gije Donetsk şäheriniň merkezinde bolan partlamada ýük ulagynyň nyşana alynandygy beýan edilipdi.
Ýük ulagynyň özüni Donetsk Halk Respublikasynyň lideri hökmünde atlandyran Denis Pushiline degişlidigi emma onuň partlamanyň bolan mahaly ulagynda bolmandygy nygtaldy.
Hüjümde 3 adamyň ýaralanandygy we ýaralananlardan biriniň ýagdaýynyň agyrdygy bellenildi.
Beýleki tarapdan 3 rus tankynyň sowutly ulaglar bilen gijäniň bir wagty Ukraina girmegi we ÝB serhedine tarap gitmegi uly garşylyga sebäp boldy.
Resmi Moskwa sebitde ýaragly aýralykçylara meýletin goldaw beren rus raýatlaryna ünsi çekdi we tanklary özüniň ugratmandygyny aýan etdi.
Emma beýanat Ukrainaly ýolbaşçylar bilen Amerikan hökümetini kanagatlandyryp bilmedi.
Prezident Poroşenko 3 rus tankynyň serhedi geçmeginiň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.
Resmi Waşington hem wakalara alada bildirýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Psaki “Habar dogry bolsa bu Ukrainanyň gündogaryndaky krizisiň çuňlaşjakdygyny görkezýär” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar