Obama Yrakda başdan geçiriýän wakalara alada bildirýär

“Ekstremistlere garşy göreş meselesinde Yraga ähli taraplaýyn kömek bereris”

93152
Obama Yrakda başdan geçiriýän  wakalara alada bildirýär

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Yrakda başdan geçiriýän soňky wakalara alada bildirýändigini aýtdy.
“Ekstremistlere garşy göreş meselesinde Yraga ähli taraplaýyn kömek bereris” diýen Obama ýurdunyň bähbitlerine howp abanan halatynda harby taýdan operasiýa guramaga hem taýardyklaryny belledi.
Yrakda harby taýdan gyssagly durmuşa geçirilmegi zerur bolan käbir işleriň bardygyny aýdan Obama Amerikaly ýolbaşçylar bilen ähli alternatiwleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.
Obamanyň beýanatynyň yzy ýanyndan Ak Tam “Yraga gury ýer operasiýasy üçin esger ugradylmagy hakynda pikir etmeýäris. Emma başga ähli alternatiwler gün tertibinde” diýip beýanat berdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Yrakdaky soňky wakalara uly alada bildirýändiklerini nygtady.
Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdyn Yragyň Premýer ministri Nuri Al Maliki bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Baýdyn telefon söhbetdeşliginde resmi Waşingtonyň ekstremistlere garşy göreşde Yraga goldaw berjekdigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar