NATO-nyň nobatdan daşary maslahaty

Maslahatda Yrakdaky wakalar barasynda maglumat berilendigi nygtaldy

92092
NATO-nyň nobatdan daşary maslahaty

Türkiýäniň Mosul şäherindäki başkonsullugyna guralan hüjümden soň halkara derejesinde işe girişen resmi Ankara NATO-ny nobatdan daşary maslahata çagyrdy.
Türkiýäniň çakylygyna laýyklykda NATO agza ýurtlaryň wekilleri nobatdan daşary maslahat geçirdi.
NATO-nyň Brýusseldäki ştab kwartirasynda hemişelik wekiller derejesinde geçirilen maslahatdan soň TRT-ä beýanat beren NATO degişli çeşmeler “Maslahat Türkiýäniň islegine laýyklykda geçirildi. Hyzmatdaşlygyň agzalaryna Mosulda başdan geçirilen wakalar we türk raýatlarynyň zamun alynmagy barasynda maglumat berildi” diýdi.
Maslahatyň NATO-ny esaslandyryjy Waşington şertnamasynyň 4-nji maddasyna laýyklykda däl, maglumat bermek maksady bilen geçirilendigi nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar