"Hasap soralmazdan ozal özüňizden hasap soraň"

Maliki Yragyň harby goşunyna ýüzlenip çykyş etdi

91769
"Hasap soralmazdan ozal özüňizden hasap soraň"

Yragyň Premýer ministri Nuri Al Maliki Yrakyýýe telelýaýlymyna beren beýanatynda Ninowa welaýatynyň merkezi Mosul şäherinde başdan geçirilen wakalar barasynda durup geçdi.
Mosulda başdan geçirilen wakalary “duzak we aldatma” hökmünde häsýetlendiren Maliki goşunda düýpli özgerlişigiň edilýändigini, terrorçylyga garşy göreşmek üçin “ygtyýarly” meýletinlerden ybarat bolan brigadalaryň dörediljekdigini we elden gidirilen ýerlerin yzyna alynjakdygyny aýtdy.
Yrak-Damask Yslam Döwlet guramasynyň hüjümleri sebäpli yza çekilen serkerdeleriň hasap berjekdigini nygtan Maliki “Terrorçylyga garşy göreşmän yza çekilen ähli jogapkärler hasabyny berer. Yragyň goşunynyň serkerdeleri we esgerleri özüňize geliň, hasap soralmazdan ozal özüňizden hasap soraň” diýdi.
Maliki Siriýada uruşda ýeňilen toparlaryň Yraga gönügendigini öňe sürdi.
Yragyň Mosulda ýitiren abraýyny dikeltjekdigini aýdan Maliki sözleriniň ahyrynda Yragyň agyr günlerinde ýanyndadygyny beýan eden BMG-na, ÝB-ne, Arap ligasyna we Yrakdaky şaýy guramalaryna sagbolsun aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar