"Başdan geçirýän duýgularymy düşündirip bilemok"

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun Yragyň Mosul şäherindäki türk başkonsullygyna guralan hüjümi berk ýazgaryp, “Başdan geçirýän duýgularymy düşündirip bilemok. Bu hiç bir şertde kabul edilip bilinmez” diýdi

91746
"Başdan geçirýän duýgularymy düşündirip bilemok"

BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreş boýunça operatiw güýjünin maslahatynda çykyş eden Pan Gi Mun Mosuldaky türk konsullygyna guralan hüjüme ünsi çekdi we Başkonsul bilen işgärleriň terrorçylar tarapyndan zamun alynmagynyň özüne agyr täsir ýetirendigini aýtdy.
Pan Gi Mun diplomatlara we asuda ilata garşy guralýan hüjümleriň haýsydyr bir görnüşde ýerlikli saýylyp bilinmejekdigini nygtady.
Pan Gi Mun Yragyň hökümetine, sebitde ýerleşýän ýurtlara we halkara jemgyýetçiligine diplomatlaryň we maşgala agzalarynyň dessine goşadylmagy, günäkärleriň adaladyň öňüne çykarylmagy üçin bilelikde işleşip, degişli tagallany etmekleri barada çagyryş berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar