Yrakdaky wakalara ABŞ garşylyk görkezdi

“Mosulda soňky 48 sagatda başdan geçirlen wakalara alada bildirýäris”

90262
Yrakdaky wakalara ABŞ garşylyk görkezdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi “Mosulda soňky 48 sagatda başdan geçirlen wakalara alada bildirýäris” diýdi.
Mesele barasynda berlen ýazmaça beýanatda “Mosulda başdan geçirilýän wakalar aladalandyryjy”diýildi.
Resmi Waşingtonyň şertnamalara laýyklykda Yragyň hökümetine ähli taraplaýyn kömek berjekdigi nygtaldy.
Yrak Damask Yslam döwleti atly terror guramasynyň Siriýadaky baş-başdaklykdan peýdalanandygy nygtalan beýanatda ekstremistleriň we ýaraglaryň Yraga ugradylandygy ýatladyldy.
Beýanatda guramanyň diňe Yrak üçin däl eýsem ähli sebit üçin howpludygy bellenildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar