Öňünden töleg ulgamy yza süýşürildi

Ukraina bolsa gazyň nyrhy meselesinde ylalaşmak isleýär

90889
Öňünden töleg ulgamy yza süýşürildi

Russiýanyň Gazprom açyk paýdar jemgyýeti tebigy gaz satuwynda Ukraina goýuljak öňünden töleg ulgamynyň başlangyç möhletini 16-njy iýuna süýşürdi.
Russiýanyň degişli edaralary 2,2 milliard dollar bergili bolan Ukrainanyň berhisini tölemän halatynda 10-njy iýunyndan soň öňünden töleg ulgamyna geçiljekdigini habar beripdi.
Ukrainaly ýolbaşçylar bolsa tebigy gazyň bergisi bilen bagly meseläni çözmezden ozal täze nyrh barasynda ylalaşylmalydygyny öňe sürýärler. Russiýa dartgynlykdan ozal Ukrainadan mün kub metr tebigy gaz üçin 268,5 dollar soraýan bolsa, dartgynlykdan soň onuň nyrhyny 485 dollara göteripdi.
Rus köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat beren Gazpromyň dolandyryjylar geňeşinin başlygy Alekseý Miller Russiýanyň, ÝB-niň we Ukrainanyň arasyndaky gepleşikleriň dowam etmegi üçin öňünde töleg ulgamynyň başlangyç möhletiniň 16-njy iýuna süýşürilendigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar