46 adam azatlykdan mahrum edildi

Müsürdde Musulman Doganlar guramasyna agza 46 adam 5 ýyl azatlykdan mahrum edildi

90883
46 adam azatlykdan mahrum edildi

Müsürdde Musulman Doganlar guramasyna agza 46 adam 5 ýyl azatlykdan mahrum edildi we aýyplanýanlaryň her birine 700 dollar pul jezasy berildi.
Menufiýe Ýeňil jenaýatlar kaziýetiniň “Gurama agza bolmak, çaknyşyklary öjükdirmek, halkyň howpsuzlygyny we parahatçylygyny bozmak, howpsuzlyk işgärlerine hüjüm etmek” bilen aýyplanan 46 adamy 5 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi we 700 dollar pul jezasyny berendigi nygtaldy.
Aýyplanýanlaryň arasynda ozalky Azatlyk we Adalat partiýasynyň halk deputaty Rejerp Abu Zeýd bilen 5 gyzyň hem bardygy bellenildi.
Müsürde 2013-nji ýylyň 3-nji iýulynda başdan geçirlen harby agdarlyşykdan soň gurlan wagtlaýyn hökümet geçen ýylyň dekabr aýynda Musulman Doganlar guramasyny “terror guramasy” hökmünde yglan edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar