Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1680839
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Figaro: Pariž we London La-Manş deňiz boýunça logistikada we terrora garşy göreşde hyzmatdaşlygyny berkidýär.  

Le Monde: Fransiýada Kowid-19: Polineziýada saparda bolan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, sanjymy ret edýänleri jogapkärçiliksizlik we egositlik bilen günäkärledi.  

Le Soir: Belgiýa: Wagtlaýyn işsizlik boýunça kömek pullar we öweziň dolmagy bilen bagly jedelleşikler. Sil apatynda zyýan çeken adamlar nähili kömek alyp bilýärler?

Deutsche Welle: Türkiýede epidemiýadan soň durmuşa geçirilen uly taslamalar, daşary ýurtly raýatlaryň ýaşaýyş jaý talabyny artdyrdy. Türkiýäniň şu ýyl 50 müň ýaşaýyş jaý satuwy bilen rekord goýmagyna garaşylýar. 

az.net: Güýz paslynda koronawirusyň 4-nji tolkunyna garaşýan Germaniýada sanjym etdirmeýänleriň azatlyklarynyň çäklendirilmegi bilen bagly pikirler jedelleşikleriň döremegine sebäp boldy.

Tagesschau.de: Ýewropada koronawirus bilen bagly protestler ýaňadandan artdy. 

Alkudus Alarabi: Tunisiň Prezidenti Kaýs Saidiň Mejlisiň ähli ygtyýaryny doňdurandygyny, deputatlaryň eldegrilmesizligini aýyrandygyny, ýurdyň Premýer ministri Hişam al-Meşişini wezipesinden çetleşdirendigini we özi tarapyndan bellenjek Premýer ministr bilen dolanşygy öz üstüne aljakdygyny aýan etmeginden soň, BMG Tunisiň resmileri bilen aragatnaşyk içindediklerini mälim etdi. Ýewropa Bileleşigi hem konstitutsiýa hormat goýmak barada çagyryş berdi. 

Aljazeera: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Yragyň Premýer ministri Mustafa al-Kazymi, ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň Yrakdaky harby missiýasyny şu ýylyň ahyryna çenli bes etjekdigini tassykladylar. 

Aldustour: Iordaniýa: "Tunisdäki hadysalara ýakyndan gözegçilik edýäris" diýip belledi. 

Alraýa: Katar, doganlyk Tunisiň durnuklylygynyň goralmagyna garaşýandygyny habar berdi. 

REN.TV: Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, ABŞ-ny Yrakdaky, Liwiýadaky we Siriýadaky yzlaryny arassalamaga çagyrdy. 

RIA Nowosti: Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustin, Kuril adalarynda erkin gümrük zolagynyň döredilmegi bilen bagly meýilnamalaryny aýan etdi. 

Izwestiýa Gazedi: Rus türgen Ýewgeniý Rylow, Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralygynda arkan ýüzmek boýunça ýaryşda altyn medalyň eýesi boldy we Ýewropanyň rekordyny täzeledi. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada koronawirusyň 5-nji tolkun sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 2 hepdede 3 esse artdy. 

EFE agentligi (Ispaniýa): Ispaniýadaky koronawirusa ýolugýan adamlaryň 68 göterimi Delta görnüşine ýolugýarlar. 

El Komersio (Peru): Kolumbiýanyň Prezidenti Iwan Duke, ABŞ-dan Wenesuelany terrory goldaýan ýurt hökmünde yglan etmegini isledi. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar