Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1662518
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Ysraýylyň ozalky Premýer ministri Binýamin Netanýahu lideri bolan Likud partiýasynyň içinde närazylyga sezewar galýar. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): BMG-nyň Ýaragly çaknyşyk we çagalar boýunça ýörite wekili Wirjiniýa Gamba: "Palestinaly çagalaryň parahatçylyk içinde ýaşamaga hukugy bar" diýip belledi. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýede 1-nji iýuldan başlap köçä çykmak gadagançylygynyň dolulygyna ortadan aýrylyp, kadaly tapgyra geçiljekdigini habar berdi. 

Tagesschau.de: (Kowid-19) Delta warianty Germaniýada hem alada sebäp bolýar. 

Deutsche Welle: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, 3 milliondan gowrak siriýaly bosguna ýer eýeçiligini edýän Türkiýä maliýe taýdan goldaw bermäge dowam etmegiň we bosgun ylalaşygynyň täzelenmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Welt.de: Alymlar, elektrik tokda işleýän ulaglarda klimat ýalňyşlygyna ünsleri çekýärler-Möhüm bolan zat elektrik toguň çeşmesi. 

El Pais (Ispaniýa): (Kowid-19) Ispaniýanyň ammarlarynda bolan 3 million doza golaý sanjym iýun aýyndaky maksatnama üçin ýeterlik derejede däl. 

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, tussaglykda bolan 9 katalon syýasatçy üçin yglan ediljek günä geçişlik karary bilen Kataloniýanyň we Ispaniýanyň arasynda täze bir döwüri başlatmagy maksat edinýär. 

Infobae (Argentina): Ýene-de bir Prezident dalaşgäriniň tussag edilmeginden soň BMG, Nikaraguadaky Daniel Orteganyň ýolbaşçylygyndaky hökümete ähli syýasy tussaglylary azat etmäge çagyrdy. 

RIA Nowosti: Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jen Psaki, Russiýanyň kiber hüjümlerine dowam eden halatynda ABŞ-nyň hiç hili duýduryş bermeden garşylyk görkezip kiber hüjüm gurajakdygyny mälim etdi. 

TASS: ÝB Belarussiýa garşy sanksiýalarynyň gerimini giňeltdi. 

Izwestiýa: ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat sekretary Ned Praýs, Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda ýarag gözegçiligi bilen bagly gepleşikleriň taýarlygynyň dowam etdirilýändigini habar berdi. 

Le Monde: Fransiýadaky sebitleýin saýlawlarda LRM partiýasynyň ýeňilişi netijesinde, Makronyň meýilnamalary şowsuzlyga sezewar galdy. 

Le Figaro: Fransiýadaky sebitleýin saýlawlara gatnaşygyň pes bolmagy netijesinde, ýaşlary herekete geçirmek üçin hökümet aragatnaşyk kampaniýasyny durmuşa geçirmäge taýarlanýar.

France 24: Günorta Afrika Kowid-19-a garşy sanjym oýlap tapmak üçin ilkinji tapgyry geçdi. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä , #habar

Degişli Habarlar