Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar.

1635847
Daşary ýurt metbugatyna syn

“Doçe Welle” Iş sapary bilen Germaniýa giren Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň paýtagt Berlinde kärdeşi Heiko Maas bilen duşuşandygyny habar berýär.

“Tagessçau” Germaniýada Kovid-19 sanjymyny etdirenler üçin epidemiýa garşy girizilen çäklendirmeleriň ýeňilleşdiriljekdigi hakyndaky kararyň Federal Mejlisde kabul edilendigini belleýär.

“Suddaýçe” Nemes hökümetiniň, ABŞ-nyň sanjym patent hukugynyň bes edilmegi hakyndaky teklibini gün tertibine alandygyny belleýär.

“Le Monde”, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň  12-nji maýdan başlap ýaş çäklendirmesi goýulmazdan ähli raýatlaryň sanjym etdirip biljekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Le Figaro” Lýon şäheriniň golaýynda bolan ýangynda 11 adamyň ýeňil ýaralanandygyny belleýär.

“El Mundo” Ispaniýada Awtonom dolanşyklaryň AstraZeneja sanjymlarynyň 60 ýaşyndan ýokardakylara edilmegini isleýändigini ýazýar.

“El Pais” Ispaniýanyň 13-nji maýa çenli Owganystandaky esgerlerini yzyna çekjekdigini belleýär.

“Elraýa”, Kataryň, Russiýa Federassiýasy bilen ykdysady taýdan edýän gatnaşyklaryny ösdürjekdigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Eldustour” Russiýanyň koronawirusa garşy bir dozalyk täze sanjym öndürendigini habar berýär.

“Elguds Elarabi” Ýehudi ýaşaýjylarynyň, Iýerusalymyň Şyh Žarrah etrapçasynda ýaragsyz palestinalylary agzaçarda nyşana alandygyny belleýär.

“TASS gullugy” ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Ukrainada saparda bolýandygyny mälim edýär.

“Lenta.ru” habar saýty, Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda mukdarynyň üstümizdäki ýylyň birinji aýynda 19,4 göterim artyp 40 milliard dollardan geçendigini nygtaýar.

 

 

 



Degişli Habarlar