Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1633585
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Ysraýylyň Harby-deňiz güýçlerine degişli gaýyklar, Palestinanyň Gaza şäheriniň suw giňişliginde palestinaly balykçylaryň gaýyklaryna od açyp hüjüm gurady. 

Al-Kudus al-Arabi: ABŞ-nyň Merkezi razwedka gullugynyň Wirjiniýa ştatyndaky ştabyna girjek bolan şübhe astyndaky adamyň hereketiniň öňi alyndy.  

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Yrakda Amerikan esgerleriň ýerleşýän baza raketaly hüjüm guraldy. 

Le Monde: Tankydy belliklerden soň, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ýurduna kabul ediljek bosgunlaryň kwotasyny 62 müň 500 adama ýetirdi. 

Le Figaro: Kowid-19-yň laboratoriýadan çykandygy baradaky öňe sürmeler, ýaňadandan güntertibe geldi. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýa Kowid-19 sanjymy boýunça ilkinji tapgyry durmuşa geçirdi: 5 million adama iki doza sanjym edildi. 

El Mundo (Ispaniýa): Madrid sebitiniň ýerli saýlawlary üçin görülen Kowid-19 bilen bagly öňüni alyş çäreler: 7700 işgär, 5 million maska we 45 müň plastik örtük. 

Telesur (Wenesuela): ABŞ ýurdyň ozalky Prezidenti Donald Tramp zamanynda aýrylan bosgun maşgalalary ýaňadandan birleşdirýär. 

Welt.de: Germaniýanyň Mýunhen şäherine bellenilip geçilýän dünýä meşhur Oktoberfest festiwaly Kowid-19 sebäpli şu ýyl hem geçirilmez. 

Süddeutsche Zeitung: Germaniýanyň hökümeti Kowid-19-a garşy sanjym bolan adamlar üçin ýeňillikler döretmegi meýilleşdirýär. 

Deutsche Welle: Germaniýa syýahat: Ýewropa Bileleşiginde tassyklanmadyk sanjymlar gözden geçiriler. 

Russia Today (RT): Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary rus hökümetiniň SWIFT ulgamyndan çykarylmagyny enteklikçe gipoteza hökmünde garaýandyklaryny, emma bolmagy ähtimal howplaryň we bolmagy ähtimal zyýanlaryň az bolmagy ugrunda iş alyp barýandyklaryny habar berdi. 

TASS Agentligi:  Ermenistanyň Baş prokuraturasy Döwlet baştutanynyň iki raýatlygy sebäpli oňa garşy kazyýet işini gozgady. Ermenistanyň Döwlet baştutany Armen Sarkisýan Britaniýanyň raýaty bolanlygyny gizlin saklandygy aýan boldy. 

RBK habar saýty: G7-ä agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynda Russiýa bilen gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşylar. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä , #habar

Degişli Habarlar