Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1615656
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur gazedi (Iordaniýa): Jöhit ýaşaýjylar, Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň gorag astynda Aksa metjidinde Talmud atly dini çärelerini geçirdiler. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Tunis Ýewropa bikanun göçüň has giňişleýin ara alynyp maslahatlaşylmagy barada çagyryş berdi. 

Al-Raýa al-Katariýýa gazedi (Katar): Katar we Ukraina 2 ylalaşyk we 7 özara düşünişmek baradaky memorandum bilen hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirdiler.

Bild.de: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, özüni 2036-njy ýyla çenli hökümediň başynda saklajak kanuna gol çekdi. 

Deutsche Welle: Gibraltar indi maskasyz. Ähli ilatyny Kowid-19-a garşy sanjym etdiren Gibraltar, raýatlaryny şeýlelik bilen köpçülikleýin immunitet bilen üpjün etdi. 

ard.de: Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson koronawirus epidemiýasynda iňlisleriň daşary ýurt syýahatlary üçin entek biraz sabyr etmekleriniň gerekdigini belledi. 

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýada Kowid-19-a garşy dowam edýän köpçülikleýin sanjym tapgyry, entek epidemiýanyň 4-nji tolkunynyň öňüni alyp bilenok. 

El Pais (Ispaniýa): Kowid-19: Wirusa ýoluganlaryň 10 göteriminde, keseliň hötdesinden gelenlerinden ençeme aý soň hem simptomlary görülmäge dowam edilýär. 

Infobae (Argentina): Aprel aýynyň ilkinji günlerinde Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Urugwaý döwleti, dünýä derejesinde adam başyna iň köp Kowid-19 sanjymyny etdiren ýurt boldy. 

Le Parisien: Fransiýanyň Ykdysadyýet ministri Bruno Le Mer, Air France howa ýollary kärhanasyna 4 milliard ýewrolyk täze kömek bukjasynyň beriljekdigini mälim etdi.  

Le Figaro: Kowid-19: Portugaliýada muzeýler we teraslar ýaňadandan açylýar, Britaniýanyň paýtagty London şäherinde bolsa dükanlaryň ýaňadandan açylmagy meýilleşdirilýär. 

France 24: Kowid-19: Fransiýa öz topraklarynyň çäginde sanjym öndürmäge başlar. 

Gazeta.ru: ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Russiýadan Ukraina serhedindäki harby hereketliligi barada beýanat bermegini isledi. 

RIA informing: Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Donbassdaky ýagdaýyň dartgynlaşmagy sebäpli, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen söhbetdeş bolup, Ukraina goşmaça Bayraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglaryny ugratmagyny islär. 

RBK: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurdyň Prezidentligine ýaňadanda dalaşgär bolup bilmeginiň öňüni açýan täze kanuna gol çekdi. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet , #dünýä

Degişli Habarlar