Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1614854
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen 6-njy aprelde Türkiýede geçirjek duşuşygy, gatnaşyklaryň täze başlangyjynyň ilkinji ädimi hökmünde görülýär. 

NDR.de: Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Ýens Şpanyň sanjym bolan adamlara käbir ýeňillikleriň dörediljekdigi bilen bagly beýanaty jedelleşiklere sebäp boldy. 

Tagesschau.de: Katolikleriň ruhany lideri Papa Fransisk Pasha baýramy bilen bagly ýüzlenmesinde: "Pandemiýa döwründe ýaraglanmak we çaknyşmak skandaldyr" diýip belledi. 

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, Gresiýanyň öjükdiriji hereketlerini ýazgardy. 

Watan (Oman): Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, koronawirus epidemiýasynyň Hytaýdaky laboratoriýalaryň birinde ýüze çykandygy bilen bagly öňe sürmeler bilen baglanşykly ýaňadandan derňew geçirilmegini talap etdi. 

Al-Mustakbal (Liwan): Yragyň Premýer ministri Mustafa al-Kazymi, Saud Arabystanyndan soň resmi sapar bilen BAE gidip, bir hepdäniň içinde ikinji Arap ýurdyna sapar gurady. 

Le Monde: Fransiýada ýokary derejeli resmileriň gatnaşmagyndaky bikanun şüweleňiň ýüze çykmagyndan soň, Parižde derňew işi başladyldy. 

France 24: Mýanmadaky harby agdarlyşygyň başyndan bäri 557 adam ýogaldy. 

Le Figaro: Kowid-19-a garşy umyt beriji wirusa garşy bir dermanyň synaglary başladyldy. 

El Pais (Ispaniýa): Sanjymlaryň ýeterlik bolmanlygy we sanjym işleriniň haýal dowam etmegi, diňe belli bir öndürijilere patent berilendigi baradaky jedelleşikleri artdyrdy. Hünärmenler patent berilen halatynda günde 12 bilen 60 million doza aralygynda sanjym öndürilip bilinjekdigini belleýärler. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýalylaryň 1/3 bölegi sanjym işleriniň haýal dowam etmegi sebäpli, bu tomus paslynyň hem ýitip gitjekdigine ynanýar. 

El Nasional (Wenesuela): Kowid 19: Epidemiýanyň ýaňadandan artyşa geçmeginden soň, Wenesuelanyň hökümeti gümrük geçelgelerindäki gözegçiliklerini ýygjamlaşdyrdy. 

Lenta.ru: Amerikan "Foreign Policy" žurnaly, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Russiýanyň we Hytaýyň duzaklaryna düşmezlik üçin älem giňişligi bilen bagly şübhe astyndaky halkara ylalaşyklardan gaça durmagyň gerekdigi barada duýduryş berdi. 

RIA Nowosti: Russiýanyň saglygy goraýyş ministrliginiň Gamaleýa epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-derňew merkeziniň müdüri: "ÝB bäsdeşlik sebäpli Sputnik V sanjymynyň bazaryna girmegine rugsat bermeýär" diýip aýan etdi. 

Kommersant: Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili we Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Žozep Borrel, Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kuleba bilen geçiren telefon söhbetdeşliginden soň, Russiýanyň harby işjeňligine alada bildirýändigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #agentlik , #habar , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar