Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1571290
Daşary ýurt metbugatyna syn

N-TV: Germaniýa mutasiýa sezewar bolan koronawirus epidemiýasyna garşy hüşgärlik derejesini artdyrdy. 

FAZ: Italiýanyň Premýer ministri Juzeppe Konte wezipesinden çekilmek isleýär. 

Le Figaro (Fransiýa): Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, daşary ýurt kärhanalarynyň eýelerine, ýurtda özgertmeleriň dowam etjekdigi barada söz berdi.  

France 24 (Fransiýa): Gündogar Ortaýer deňizi: Türkiýe Gresiýa bilen meseleleri çözmek isleýär. 

France 24 (Fransiýa): Gresiýa Fransiýadan 2,5 millard ýewro gymmadynda 18 Rafaele kysymly harby uçar sargady. 

Al-Raýa (Katar): ÝUNISEF: "Siriýaly çagalaryň ýarsy bilim almakdan mahrum" diýip belledi. 

Al-Raýa (Katar): Bagdat howa menziliniň golaýyna 3 aýry raketa gaçdy we terror guramasy DAIŞ-e garşy howpsuzlyk operasiýasy başladyldy. 

Al-Kudus Al-Arabi: Ysraýylyň Milli Howpsuzlyk ministri Eli Koheniň ýolbaşçylygyndaky Ysraýylyň wekiliýeti Sudana sapar gurar. 

Al-Dustour (Iordaniýa): ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden: "Tomus aýlarynda Kowid-19-a garşy köpçülikleýin immunitet döretmäge synanyşarys" diýip belledi. 

El Pais: Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Salwador Illa, Kataloniýada geçiriljek saýlawlara dalaşgär bolmak maksady bilen şu gün wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny berer, Illanyň bu karary hem tarapdarlarynyň hem-de oppozisiýanyň gaharyny getirdi. 

El Mundo:Ispaniýanyň Willena tussaghanasynda ýagdaý tankydy: Tussaglylaryň 60 göterimi Kowid-19 sebäpli karantin astynda saklanýar. 

TeleSUR: Ekwadoryň Baş Prokuraturasy özüniň resmi Twitter hasabyndan, ýurdyň ozalky Wise-prezidenti  Horhe Glasyň Milli Adalat diwanynyň Jeza kazyýeti tarapyndan 8 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini mälim etdi. 

RIA Nowosti Agentligi: "Nowiçok" zäherli himiki ýaragyň oýlap tapyjylarynyň biri bolan Leonid Rink, Kowid-19-a garşy täsirli bir derman oýlap tapmagy meýilleşdirýär.  

Wedomosti Gazedi: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, koronawirus bilen bagly çäklendirmeleriň ýuwaş-ýuwaşdan ortadan aýrylyp bilinjekdigini habar berdi. 

Lenta.ru: Azerbaýjanyň Prezidentiniň orunbasary Hikmet Hajyýew, Daglyk Garabagda iş alyp barýan Rus Parahatçylyk güýjüniň ýokary hünärli iş alyp barýandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #gazet , #dünýä , #metbugat

Degişli Habarlar