Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri

Ýewraziýa syn

2125626
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri

2023-nji ýylda Türki dünýäniň güýçlenmegi we türki döwletleriň jebisligi taýdan uly işler amala aşyrlypdy. Bu etap 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde hem dowam etdi.

Geliň nobaty bilen Türki döwletleriň guramasynyň we TürkPA-nyň soňky iki aýda alyp baran işlerine ser salalyň.

2024-nji ýylyň fewral aýynyň 15-23-i aralygynda Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew ABŞ-da saparda boldy. BMG-nyň we Amerikan hökümetiniň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşan Baş sekretar Ömüraliýew, ABŞ-nyň tanymal guramalarynyň wekilleri bilen hem duşuşdy.

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda TürkPA-nyň Baş sekretary Mehmet Süreýýa Eriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirlen Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň 14-nji maslahatyna gatnaşdy. Baş Assambleýa 40-ýurtdan parlamentarlar gatnaşdy. Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň döwürleýin ýolbaşçylygy Türkiýeden Azerbaýjana geçdi.  Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň 14-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş iş saparynyň çäginde TürkPA-nyň Baş Sekretarlygyna baryp gördi.

Antalýa Diplomatiýa forumynyň çäginde 2024-nji ýylyň 1-nji martynda 21-nji asyrda Türki döwletleriň guramasy temaly oturluşyk geçirildi. Oturluşyga halkara derejesinde iş alyp barýan türk guramalaryň ýolbaşçylary, Türki döwletleriň daşary işler ministrleri gatnaşdy. Oturluşykda Türki dünýäniň gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň 6-njy martynda Stambul şäherinde Türki döwletleriň guramasyna agza we synçy ýurtlaryň Aragatnaşyk jemgyýetleriniň başlyklarynyň birinji maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde Türki döwletler guramasynyň milli Transport jemgyýetleriniň bileleşigi döredildi.

Türki döwletleriň guramasynyň Musulman din işleri edarasynyň ýolbaşçylary geňeşiniň Fetwa utgaşyklyk topary ilkinji gezek türki döwletlerde remezan aýynyň 2024-nji ýylyň 11-nji martynda başlamalydygyny kesgitledi.

Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji maslahaty 2024-nji ýylyň mart aýynyň 11-12-i aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirildi. Aksakgallar geňeşiniň 16-njy maslahaty Budapeştde geçirler.

2024-nji ýylyň 20-njy martynda Gazagystanyň Taraz şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň Oba hojalyk ministrleriniň 3-nji maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde Türki döwletleriň guramasynyň 3-nji Türk oba hojalyk forumy geçirildi. Oba hojalyk ministrleriniň kabul eden kararyna laýyklykda 2024-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap Taraz şäheri Türki döwletleriň guramasynyň Oha hojalyk paýtagty hökmünde yglan edildi.

TürkPA-nyň Baş sekretary Mehmet Süreýýa Er, 2024-nji ýylyň 23-27-i marty aralygynda Ženewada geçirlen Parlamentara Bileleşik Assambleýasynyň 148-nji maslahatyna gatbnaşdy. Maslahata Azerbaýjanyň we Gazagystanyň mejlis başlyklary hem gatnaşdy.

Görülşi ýaly Türki döwletleriň guramasy halkara türk guramalaryna ýolbaşçylyk edýär. türki döwletleriň guramasynyň BMG-na synçy bolmagy meselesi hem gün tertibinde esasy orun eýeleýar.

TürkPA hem Türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da artdyrylmagy üçin uly tagalla edýär.



Degişli Habarlar