Türki dünýäniň umumy baýramçylygy bolan Nowruz

Ýewraziýa syn

2119408
Türki dünýäniň umumy baýramçylygy bolan Nowruz

Çarwa türki taýpalary üçin agyr gyş şertlerinden soň gelýän bahar pasly dabara bilen garşy alynýardy. Sebäbi çarwalar sag-aman bahara ýetip, diňe tebigat däl, umytlary hem gögerýärdi. Türki halklar bahar paslynyň gelşini ýaşaýan sebitine görä mart, maý, hat-da has demirgazykda ýaşaýanlar iýun aýynyň başlarynda bellenilýärdi. Bahar baýragymynyň iň meşhury 21-nji martda bellenilip geçilýän Nowruz baýramydyr. Nowruz sözi pars dilinden alynan “täze gün” manysyny aňladýar.

Gije bilen gündiziň deňleşýän güni bolan 21-nji mart, Ýewraziýa halklarynyň köpüsinde täze ýylyň başlangyjy kabul edilýär. Türki halklaryň gadymy döwürlerden bäri ulanýan kalendarynda täze ýyl 21-nji martda başlaýar. Bu maglumatdan ugur alyp türki halklarda 21-nji martyň ýa-da täze ýylyň irki döwürlerden bäri bellenilip geçilýändigini aýtmak ýalňyş bolmasa gerek.

Nowruz baýramy Osman döwletiniň soňky döwründe we Sowet Soýuzyna tabynlykdaky türki döwletlerde resmi baýramçylyk däldi. Türki döwletler 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alandan soň Nowruz resmi baýramçylyk hökmünde bellenilmäge başlandy. Ol türki halklaryň umumy baýramy Nowruzyň Türkiýede-de dabara bilen bellenilip geçilmegine sebäp boldy.

BMG-niň 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda kabul eden karary bilen 21-nji mart Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. 2016-njy ýylda türk döwletleriň, Owganystanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Pakistanyň we Täjigistanyň bilelikdäki ýüztutmasy bilen Nowruz ÝUNESKO-nyň Konkret dal medeni miras sanawyna goşuldy.

Nowruzda uludan ot ýakylýar we adamlar oduň üstünden bökýärler. Türki halklar irki döwürlerden bäri oduň saplaýyjy aýratynlygynyň bardygyna ynanýarlar. Nowruzyň öň ýanynda türki halklar hökmany suratda öýüni we öýüniň daş töweregini arassalaýarlar.

Baýrakçylyk dost-ýarlar we dogan-garyndaşlar bilen bilelikde bellenilýär. Türki döwletlerde sport bäsleşikleri we konsertler Nowruzyň aýrylmasyz bölegine öwrüldi.

Nowruzda sömelek atlandyrylýan datly taýýarlanylýar. Sömelek 10 sagatdan gowrak gaýnadylyp, bişirilýär. Uly gazanlarda bişirilýän sömelegi bulap, dileg dilemek asylly däplerden biridir. Rowaýata görä günlerden bir gün öýünde azygy gutaran eje, çagalaryny güýmäp, ýatyrmak üçin boş gazana suw guýup, içine hem azajyk daş salýar we otda gaýnatmaga başlaýar. Ýadawlykdan ilki çagalary, soň bolsa özi uklap galýar. Ir säher turanlarynda, gazanda biziň sömelek atlandyrýan datlymyz olara garaşýarmyş. Şeýlelikde gyş üçin güýz aýlarynda taýýarlanan azyklary gutarýan halklarda Nowruz täze durmuşyň, umydyň we bedekediň buşlukçysydyr. Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!



Degişli Habarlar