Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibinindäki wakalar

Ýewraziýa Syn

2035388
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibinindäki wakalar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2023-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkiýäniň Milli goranmak ministri Ýaşar Güleri, 28-nji awgustda Türkiýäniň Baş ştabynyň Başlygy general Metin Güraky kabul etdi. Duşuşyklarda Azerbaýjan-Türkiýe harby gatnaşyklarynyň hasam ösdürilmegi hakynda pikir alyşyldy.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan 31-nji awgust-1-nji sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasyna resmi sapar gurady. Türkiýäniň Daşary işler ministri Fidan Russiýanyň Diaary işler ministri Sergeý Lawrow we Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklarda özara, sebitleýin we global meseleler hakynda pikir alyşyldy. Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan 26-njy awgustda bolsa Ukraina sapar edipdi.

Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Frankis 31-nji awgust bilen 4-nji sentýabryň araşlygynda Mongoliýa döwlet saparyny gurady. Ulanbatorda Papa Frankis Mongoliýanyň döwlet Ýolbaşçysy Uhnaagiýn Hurelsuh, Premýer-ministri Luwsannmsrain Oýun-Erdene bilen duşuşdy. Bu sapar katolikleriň dini lideriniň Aziýa ýurduna guran ilkinji sapary boldy.

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Russiýa tarapyndan Gyrgyzstanda guruljak 9 mekdebiň gurluşygyna onlaýn formatda gatnaşdylar. Russiýa şol mekdepleriň gurluşygy üçin 500 million dollar serişde goýberdi. Russiýa Gyrgystandaky pozisiýasyny bilim pudagyndaky maýa goýumlary bilen güýçlendirmek isleýärdi.

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Gruziýanyň häkimiýet başyndaky Gruzin düýşi partiýasy Prezident Salome Zurabişlä garşy wezipeden boşatma tapgyrynyň başlatjakdyklaryny beýan etdi. Häkimiýet başyndaky partiýanyň şeýle beýanatyna Prezident Zurabişwiliniň hökümetden bihabar daşary ýurt saparlarny guramagy sebäp boldy. Prezident Zurabişwili 31-nji awgust bilen 1-nji sentýabryň aralygynda Berline we Brýussele sapar edipdi.

1-nji sentýabrdan başlap Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň raýatlary ikitaraply häsýetde şahsy resminamalary bilen syýahat etmäge başladylar. Aýratýynam ýurduň serhedinde ýerleşýän Begabad we Karabagyş gümrük geçelgeleri birnäçe aýdan soň gaýtadan açyldy. 31-nji awgustda Gyrgyzstan, 1-nji sentýabrda bolsa Özbegistan Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçdiler.

Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasy Belarusda 2,5 müňden gowrak esgeriň gatnaşmagynda harby türgenleşige başlady. 4 tapgyrdan ybarat bolan harby türgenleşigiň bir bölegi Gyrgyzstanda geçiriler. Guramanyň Karargähiniň Başlygy general Anatoliý Sidorow guramanyň giňelmek üçin taýýarlyk görýändigini beýan etdi.

Ine hormatly diňleýjiler, görşüňiz ýaly geçen hepde Ýewraziýa sebitiniň geljegini kesgitleýän möhüm saparlar guraldy. Ýewraziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklar hem ösmäge dowam edýär.



Degişli Habarlar