Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Ýewraziýa Syn

2029219
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

TRT TSR tarapyndan taýarlanýan Ýewraziýa Syn atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda biz ýene-de siziň bilen. Gepleşigimiziň bu günki sanynda Türki dilli Respublikalaryň gün tertibindäki ileri tutulýan wakalaryň üstünde durup geçmek isleýäris.

Geçen hepde Türki Respublikalarda möhüm wakalar başdan geçirildi. Geliň indi bolsa şolara ser salalyň.

2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda Gagauziýa awtonom sebitiniň başlygy Ýewgeniýa Gutsul, Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Gagauziýa awtonom sebitiniň wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýändiklerini habar berdi. Şondan soň Moldawiýanyň Daşary işler we Ýewropa Integrasiýasy ministrligi beýannama berip, wekilhana açmagyň mümkin däldigini beýan etdi. Gagauziýa awtonom sebitiniň başlygy Ýewgeniýa Gutsul rus tarapdary ritorikalary bilen tanalýar.

2023-nji ýylyň 23-24-nji maý aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň Premýer ministri Andreý Nazarow Gazagystana iş saparyny gurady. Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň Premýer ministri Andreý Nazarow Gazagystanyň Premýer ministri Alihan Smailow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly biri-birinden tapawutly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. Başgyrdystan Respublikasynyň Premýer ministri saparynyň çäginde şeýle hem Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ministri Marat Karabaýew bilen duşuşyk geçirdi.

2023-nji ýylyň 15-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer ministri Abdulla Aripow Gyrgyzystana resmi sapar gurady. Premýer ministr Abdulla Aripow Gyrgyzystanyň Premýer ministri Akylbek Japarow bilen birlikde Çolpon Ata şäherinde 10-njy Gyrgyzystan-Özbegistan bilelikdäki hökümetara hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna ýolbaşçylyk etdi. Maslahatda iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürjek kararlar kabul edildi. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow hem Özbegistan Respublikasynyň Premýer ministri Abdulla Aripowy kabul etdi.

Türki Döwletleri Guramasynyň Saglygy goraýyş ministrleriniň 3-nji maslahaty we 2-nji Türk Lukmançylyk dünýäsi kongresi 2023-nji ýylyň 16-njy awgustynda Samarkand şäherinde geçirildi. Maslahata gurama agza ýurtlaryň Saglygy goraýyş ministrleri gatnaşdylar. Maslahatyň ahyrynda umumy jarnama gol çekildi. Maslahatyň çäginde 16-17-nji awgust aralygynda Özbegistan-Türkiye 2-nji Saglyk Işewürler forumy geçirildi.

2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew Saud Arabystanynyň Daşky gurşaw, suw we oba hojalyk ministri Abdurrahman al-Fadlini kabul etdi. Duşuşykda Gazagystan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky oba hojalyk, söwda, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Gazagystanyň Daşary işler ministri Murat Nurtleuny kabul etdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň 17-21-nji awgust aralygynda Sinjan Uýgur Awtonom zolagynyň paýtagty Urumçi şäherinde 4-nji Hytaý-Ýewraziýa: Önümler we söwda 2023 atly EXPO geçirildi. EXPO-nyň açylyşyna Gyrgyzystanyň Premýer ministri Akylbek Japarow, Gazagystanyň Wise-premýeri Serik Jumangarin gatnaşdylar. Gyrgyzystanyň Premýer ministri Akylbek Japarowyň resmi saparynyň çäginde Gyrgyzystan bilen Hytaýyň arasynda 6 ylalaşyk resminamasyna gol çekişildi. EXPO dünýäniň 40 ýurdundan 1300-den gowrak kärhana gatnaşdy.

2023-nji ýylyö 19-20-nji awgust aralygynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar berdimuhamedow Wengriýa sapar guradylar. Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbanyň çakylygyna laýyklykda Budapeşt şäherine baran liderler, Wengriýanyň Milli güni baýramyna we Bütindünýä Ýeňil atletika çempionatynyň açylyşyna gatnaşdylar.

Başdan geçirilen hadysalardan görüşimiz ýaly geçen hepde Türki dilli Respublikalarda möhüm saparlar amala aşyryldy.



Degişli Habarlar