Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän döwletleriň gün tertibiniň  ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa Syn

2006354
Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän döwletleriň gün tertibiniň  ileri tutulýan ugurlary

2023-nji ýylyň 14-15-nji iýuny aralygnda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili Belgiýada resmi saparda boldy. Garibaşwili Brýusselde Belgiýanyň Premýer-ministri Aleksandr De Kro, ÝB-niň Başlygy Şarl Mişel, ÝB-niň Goňşuçylyk we agzalyk işlerinden jogapkär resmisi Liwer Warhelýi bilen duşuşyklar geçirdi. Premýer-ministr Garibaşwiliniň ÝB-niň ştab kwartirasyna guran saparynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugruny Gruziýanyň ÝB-ne agzalyk tapgyry emele getirdi.

2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Kremlde Aljir Demokratik Halk Respublikasynyň döwlet Ýolbaşçysy Abduljemil Tabbun bilen duşuşdy. Duşuşykda Tabbun Russiýadan alýan goldawlarynyň garaşsyzlyklaryny goramaklaryna şert döredýändigini beýan etdi. Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda strategik ýaranlygyň çuňlaşdyrylmagy hakyndaky jarnama bilen 9 ylalaşyga gol çekişildi.

Üstümizdäki aýyň 14-17-si aralygynda Russiýanyň Prezidentiniň hemaýat bermeginde 23-nji Halkara Sankt Peterburg Ykdysadyýet forumy geçirildi. Forumyň açylyşyna çykyş eden Prezident Wladimir Putin köp blokly dünýäniň güýçlenendigini, neo-kolonial ulgamyň soňunyň gelendigini, Russiýanyň ýadro ýaraglarynyň NATO agza ýurtlardan has köpdügini, gysyşlara garamazdan boýun egmeýän ýurtlar bilen söwda mukdarynyň birnäçe esse artandygyny beýan etdi. Şol foruma GDA-nyň ýurtlary, Ýakyn Gündogardan, Afrikadan we Aziýadan döwlet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Kremliň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Sankt Peterburg Ykdysadyýet forumynda  Türkiýe hakynda “Gowy goňşy betpäl garyndaşdan gowy” diýen bolsa, Russiýanyň Maliýe ministri Antoyn Siluanow Türkiýe bilen ýokary ykdysady hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýtdy. Wengriýanyň Daşary işler ministri Peter Siýýarto bolsa Türk Akymy tebigy gaz geçirijisiniň Ýewropany howpsuz gaz bilen üpjün edýändigini beýan etdi.

2023-nji ýylyň 16-17-nji iýunynda Günorta Afrika Respublikasynyň ýolbaşçylyk etmeginde käbir Afrika döwletleriniň ýolbaşçylary Ukraina we Russiýa sapar guradylar. Senegalyň, Zambiýanyň döwlet ýolbaşçylary bilen bilelikde afrikaly liderler Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda töwellaçylyk edip, söweşiň bes edilmegi üçin öz tekliplerini hüdürlärler. Bilşiňiz ýaly Ukraina-Russiýa ýaraşyk gepleşikleri bir ýyldan bäri geçirilmeýär.

Geljek ýylyň iýul aýynda Sankt Peterburgda geçiriljek Russiýa-Afrika sammitinden öň Russiýa bilen Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň güýçlenýäňdigi görülýär.

2023-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda “Trans-Altaý Durnukly Dialogy: Gender deňligi we durnukly galkynyş” atly halkara maslahat geçirildi. Mongoliýanyň Parlamenti Beýik Hural tarapyndan guralan maslahatda Ýewraziýa materiginiň Merkezi koridorynda hyzmatdaşlygyň hasam ösdürilmegi boýunça geňeşmeler geçirildi.

15-nji iýunda bolsa Mongoliýada “8-nji Ulan-Bator Dialogy” maslahaty öz işine başlady. Mongoliýanyň Daşary işler ministri Batseseg Batmunh tarapyndan açylan maslahata Gazagystan, Türkiýe bilen bilelikde 60-dan gowrak ýurtdan wekiller gatnaşdylar. Maslahatda Demirgazyk-Gündogar Aziýanyň meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.


Etiketkalar: #Afrika , #Mongoliýa , #Gruziýa

Degişli Habarlar