Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa Syn

1980821
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary we şol sebitlerde başdan geçirlen soňky wakalar hakynda durup geçmek isleýäris.

Geçen hepde Ýewraziýa ýurtlarynda möhüm saparlar guraldy we birnäçe möhüm waka başdan geçirildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Goranmak ministri Li Şanhaý ilkinji daşary ýurt saparyny 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 16-18-i aralygynda Russiýa Federassiýasyna gurady. 17-nji aprelde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Hytaýyň Goranmak ministrini kabul etdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Goranmak ministri Li Şanhaý18-nji aprelde bolsa Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlyga üns çekildi. Beýleki tarapdan ABŞ Hytaý Halk Respublikasynyň Goranmak ministri Li Şanhaýa sanksiýa goýupdy.

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rüstam Minnihanowyň Moldowa girmegine rugsat berilmedi. Gagauziýada geçiriljek halkara kongrese gatnaşmak üçin Moldowa giden Minnihanow, Günbatarly ýurtlaryň  goýan sanksiýalary sebäpli howa menzilinden yzyna dolanmaly boldy. Ýaňy ýakynda Gagauziýanyň Prezidentlige dalaşgäri Wiktor Petrow Tatarystanda saparda bolupdy we Rustam Minnihanowy ýurduna çagyrypdy.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Kohen 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 19-20-sy aralygynda Azerbaýjanda we Türkmenistanda saparda boldy. Ministr Eli Kohen paýtagt Bakuda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Azerbaýanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýram, Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Kohen bilen duşuşdy. Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen arabaglanşykly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Kohen 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenstanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Şol gün Türkmenistanly kärdeşi Raşid Meredow bilen hem duşuşan Eli Kohen özara we sebitara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy. İki kärdeş duşuşykdan soň Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Eli Kohen 29 ýyl soň Türkmenistana sapar guran Ysraýylyň ilkinji Daşary işler ministri boldy. Azerbaýjandan soň Türkmenistan hem Ysraýylda ilçihana açmagy meýilleşdirýär.

GD! ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken fewral aýynyň ahyrynda we mart aýynyň başynda Gazagystanda we Özbegistanda saparda bolupdy. ABŞ-nyň soňky günlerde Russiýanyň töweregindäki Ýewraziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin edýän tagallasy ünsleri özüne çekýär. 5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda iş alyp barýan Amerikaly işewürleri kabul etdi. 7-nji aprelde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we merkezi Aziýa ýurtlaryndan jogapkär kömekçisi Donald Lu, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aibek Moldogaziýew bilen Waşingtonda duşuşdy. Donald Lu aprel aýynyň 22-27-i aralygynda Gyrgyz Respublikasynda we Täjigistanda saparda boldy. ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wiktoriýa Nuland 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 19-20-i aralygynda Mongoliýada saparda boldy. Wiktoriýa Nuland Ulanbatorda Mongoliýanyň Premýer-ministri Luwsannamsrain Oýun Erdene we Daşary işler ministri Battsetseg bilen aýry aýry duşuşdy.

19-njy aprelde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewropadan we Aziýadan jogapkär kömekçisi Erika Olson bilen duşuşdy. Erika Olson şol gün Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen hem duşuşdy.

5-nji aprelde Amerikan hökümeti gruziýaly kazýetiň 3 işgärine sanksiýa goýandygyny mälim etdi.

 

 

 



Degişli Habarlar