10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Atatürk hormat bilen hatyralanýar.

1904026
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti M.K.Atatürki dünýeden öten gününde ýene-de bir gezek hormat bilen hatyralaýarys.

Çanakgala söweşinde görkezen edermenligi bilen ünsleri çeken M.Kemal 1-nji Jahan urşunyň netijesinde Osman imperiýasynyň ýeňilmegi we ýurduň ýeňijiler tarapyndan basylyp alynmaga başlanmagy bilen Türk milletine öňbaşçylyk edip, Azat edijilik göreşini alyp bardy.

Şol göreşiň üstünlikli tamamlanmagy bilen Lozannada kabul edilen Ýaraşyk şertnamasynyň netijesinde Türkiýe Respublikasy gurulýar we M.Kemal ilkinji Prezident bolýar. Soň Atatürk familiýasyny alan lider iş ýüzüne geçiren ynkylaplary bilen döwrebap jemgyýetiň döremegine uly goşant goşdy. Atatürki ýene-de bir gezek hormat bilen hatyralaýarys.



Degişli Habarlar