IV çarwa oýunlary

Ýewraziýa syn

1889598
IV çarwa oýunlary

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Türkiýäniň Iznik şäherinde geçirlen IV çarwa oýunlary hakynda maglumat bermek isleýäris.

IV Bütindünýä çarwa oýunlary 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 29-y bilen oktýabr aýynyň 2-si aralygynda Türkiýäniň Iznik şäherinde geçirildi. “Geçmişden Gelejege” şygary bilen geçirlen oýunlara 102 ýurtdan 3 müňden gowrak türgen gatnaşdy. 2018-nji ýylda Gyrgyz Respublikasyndan geçirlen III çarwa oýunlaryna 70-den gowrak ýurtdan 3 müňden gowrak türgen gatnaşypdy.

IV çarwa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Türkiýäniň, Gyrgyzstanyň, DKTR-nyň we Tatarystanyn Prezidentleri, Gazagystanyň Mejlisiniň başlygy, halkara guramalaryň baş sekretarlary, diplomatlar, žurnalistler we türgenler bilen birlikde uly halk köpçüligi gatnaldy.

IV çarwa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, çarwa medeniýetiniň ýitmegine asla rugsat bermejekdiklerini belledi.

Prezident Erdogan çarwa oýunlarynyň çäginde oýunlara gatnaşmak üçin İznige gelen kärdeşleri bilen özara duşuşyklar geçirdi.

IV çarwa oýunlarynyň çäginde Türk dünýäsini ýakyndan gyzyklandyrýan dürli çäreler hem geçirildi. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 26-27-si aralygynda Bursa şäherinde Türk dünýäsiniň umymy elipbiýiniň taýarlanmagy üçin ýörite maslahat geçirildi. 2022-nji ýylda Bursa şäheri Türk dünýäsiniň Medeniýet paýtagty hökmünde birnäçe medeni çäre ýer eýeçiligini edipdi.

Bursadaky Merinos seýilgähinde IV çarwa oýunlarynyň öňüsyrasynda Manas hepdeligi geçirildi. 124 sagadyň dowamynda Manas dessanyny ýatdan okan gyrgyz dessançy Rysbaý Isakow Gennisiň rekordlar kitabyna girdi.

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Bursada Türk döwletleri guramasynyň Ýaşlar we sport ministrleriniň 6-njy maslahaty geçirildi. Maslahatda IV Bütindünýä çarwa oýunlarynyň Gazagystanda geçirilmegi hakynda karar kabul edildi.

IV çarwa oýunlary 2-nji oktýabrda dabaraly ýagdaýda ýapyldy.

4 gün dowam eden IV çarwa oýunlaryna 1 milliondan gowrak adam tomaşa etdi. IV çarwa oýunlary, çarwa medeniýetiniň ýatdan çykarylmajakdygyny we goraljakdygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Bütindünýä çarwa oýunlarynda Taňry dagyndan getirlen suw ulanylýar. Açylyş dabarasynda Prezident Erdogan özüne berlen şol suwy Iznik kölüne dökülmegi üçin gazana dökdi.

Bütindünýä çarwa oýunlarynyň gyşky we tomusky olimpiada oýunlaryna alternatiw bolup biljekdigi sebäpli Türk döwletleri guramasy bu pursatdan ýerlikli peýdalanmaly. Täze oýun görnüşleriniň çarwa oýunlaryna degişli edilmegi has ähmiýetli bolar

Türkiýäniň IV çarwa oýunlaryny üstünlikli ýagdaýda geçirip türk mirasyna eýe çykmagy we dünýä tanatmagy, onuň Türki dilli döwletler we jemgyýetler bilen edýän gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna itergi berer. Şol bir wagtda Anadoly türki halklar üçin esasy merkez bolmaga dowam eder. Bütindünýä çarwa oýunlary medeniýet diplomatiýasynyň esasy guraly hökmünde türki halklar tarapyndan 2 ýyldan bir gezek geçirilmäge dowam eder.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar