Türkiýe-Gresiýa Gatnaşyklarynda S-300 Dartgynlygy

Hepdäniň syny

1878018
Türkiýe-Gresiýa Gatnaşyklarynda S-300 Dartgynlygy

Türkiýe-Gresiýa gatnaşklary özüne mahsus düşnüşmezlikleri bilen bilelikde öz çäginde durnuksyz günleri başdan geçirýär. Şol dartgynlyk esasanda grek tarapynyň maksimalist syýasatlary we edýän meçew bermeleri bilen Türkiýäniň şol syýasatlary kabul etmeýändigini diplomatik hem-de harby taýdan görkezmegi we meçew bermelere boşly ýaly ýa-da essesi bilen gaýtawul görkezmeginden ybarat. İlkiler, ikitaraply käbir beýanatlar ýaly görünýän hem bolsa, aslyna garalanda dartgynlygyň aňyrsynda hem taryhy hem-de geosyýasy düşnüşmezlikler bar. Birnäçe wagtdan bäri gatnaşyklar dartgynlygy hem bolsa, dargtgynlygyň çuňlaşmagynyň öňi alynypdy. Emma Gresiýanyň 23-nji awgustda türk harby uçarlaryna S-30 radiolokasiýalaryny açmagy bilen iki ýurduň arasyndaky dartgynlyk başga bir häsýete eýe boldy.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 “Nämet üçün S-300” diýlen soraga jogap gözlenende, birnäçe hususyň öňe saýlanýandygy görülýär. Şolaryň ilkinjisi iki ýurduň hem saýlaw tapgyryna girmegi. Gresiýada ýakyn gelejekde möhletinden irki saýlawlar geçiriler. Türkiýe, Gresiýanyň içeri syýasatynda saýlawdan ozal gün tertibiniň ileri tutulýan ugruna öwrülýär. Türkiýede hem 2023-nji ýylda saýlawlar geçiriler. Gresiýa Türkiýedäki saýlaw üçin nähili möhüm bolmasa hem, bar bolan dartgynlyk saýlawda möhüm diskussiýalardan birine öwrüler. İkinji sebäp bolsa, Gresiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky harby güýç tapawudynyň soňky ýyllarda Gresiýanyň bähbidine artmagy. Gresiýa Türkiýäniň goranyş senagatynda eden möhüm başlangyçlar sebäpli özüni uzak möhletden bäri ejiz duýýar. Türkiýäniň bu mümkinçilik bilen möhüm aýratynlyklara eýe bolmagy, Gresiýanyň bolsa şol bäsleşikde yzda galmagy olar üçin uly çykgynsyzlyk hökmünde analiz edilýär. Türkiýäniň esasanda uçarmanmyz howa ulaglary tehnologiýasynda ýeten sepgidi Gresiýany biynjalyk edýär.

Gresiýanyň esasy maskady Türkiýä bar bolan düşnüşmezlikler arkaly meçew berip, Ýewropany öz ýanyna çekmek hökmünde ýüze çykýar. Ýetilen sepgitde Türkiýäniň Gresiýanyň meçew bermelerine berk gaýtawul görkezmegine garaşylýar we şol gaýtawul Ýewropanyň gün tertibine getirilip, Türkiýä garşy beýanatyň berilmegi maksat edinilýär.

Bu çemeleşme uzak möhletden bäri Gresiýanyň Türkiýä garşy syýasatynyň özenini emele getirýär. Esasanda Ukraina söweşi bilen bilelikde resmi Afynynyň Türkiýäniň gesosyýasy ähmiýetiniň artmagyndan biynjalykdygy görülýär. Türkiýäniň Ýakyn Gündogarda iş ýüzüne geçirýän täze kadalaşma syýasaty hem Afynyny biynjaklyk edýär. Eýsem Türkiýäniň Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen dartgynlyk gatnaşyk etmegi Afynyny rahatlandyryp, Ortaýer deňizindäki gaz känleri meselesinde Türkiýäniň gyrakladylmagyna sebäp bolupdy. Emma Türkiýäniň kadalaşma syýasaty bilen bilelikde bu tapgyr özgertmegi Afynyny ýaňadandan Türkiýä garşy pozisiýa gönükdirdi. Beýleki tarapdan Gresiýa Türkiýäniň beýgelýän harby güýjüni bahana edip, hem Egeýdäki adalary ýaraglandyrmaga çalyşýar hem-de Fransiýa we ABŞ ýaly ýurtlar bilen ýaraglanma üçin şertnamalar baglaşyp, ýaraga sarp edýän serişdesini Türkiýäni bahana edip, içerde legallaşdyrýar. Bu hem içeri syýasatda karza batan hökümetiň pozisiýasyny güýçlendirýär hem-de ABŞ we Fransiýa ualy ýurtlary ýeňillik bilen razy etmegine goşant goşýar.

Beýleki bir sebäp bolsa Gresiýanyň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki tebigy gaz gözleg işlerinden biynjalyk bolmagy… “Abdülhamid Han” atly gämisi bilen energiýa gözleg boýunça lider ýurtlaryň hataryna goşulan Türkiýe Afynyda uly biynjalyklyk döretdi. Şeýlelikde Afyny dartgynlyga meçew berip, Türkiýäni tebigy gaz gözlegleri boýunça ýeke goýmak isleýär. Hat-da häzirki wagtda grek lobbisi bar güýjüni bu meseläni gönükdirdi.

S-300 dartgynlygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan soň hasam dartgynlaşjakdygyny görkezýär. Şeýlelikde Prezident Erdoganyň S-300 hakynda egilşiksiz beýanat bermegi hem şony görkezýär. Elbetde häzirlikçe Gresiýa bilen Türkiýäniň arasynda ýaragly çaknyşyk ýa-da söweş ähtimallygy görünmeýär. Emma Gresiýanyň dargynlygy artdyrma usuly özgerse we Türkiýäniň oňa jogaby hasam güýçlense, ine onda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy we diplomatik dartgynlykdan aňyry geçme ähtimallygy ýüze çykar.



Degişli Habarlar