Türkiýe-Gresiýa Dartgynlygy

Hepdäniň Syny

1845179
Türkiýe-Gresiýa Dartgynlygy

President Erdoganyň geçen hepde geçirilen “Efes-2022” türgenleşiginde eden çykyşynda beren ýüzlenmeleri we Gresiýany harby hukuk derejesi bolmadyk adalary ýaraglandyrmakdan el çekmäge çagyrmagy, meseläniň Türkiýe üçin üns çekýändiginiň hem-de indi has anyk pozisiýa eýelejekdigini görkezýär. Bu tapgyr Türkiýe-Gresiýa gatnaşyklarynda täze bir dartgynlyga ünsleri çekişi ýaly, täze bir öwrülşik nokadyny emele getirýär.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Adalaryň ýaraglandyrylmagy meselesinde gün tertibiniň esasy maddasyna öwrülmeginiň ýeke-täk sebäbi ýok, tapgyrlaýyn häsýetde ýüze çykdy. Gresiýanyň Egeýde eýeleýän hukuksyz pozisiýalary we maksimalist syýasatlaryny Gündogar Ortaýer deňizinde-de dowam etdirmek islemegi, aslyna garalanda tapgyryň başlangyjyny emele getirdi. Afinynyň konýenkturada hem peýdalanyp Türkiýä garşy giň front bilen hereket edip, Gündogar Ortaýer deňizinde täze göçümler etmegi, resmi Ankaradan anyk garşylyk gördi we 2020-nji ýylda başdan geçirilen dartgynlygyň netjesinde Gresiýa egilşik etmäge mejbur bolupdyr. Türkiýe bolsa bu tapgyrda ilki Gündogar Ortaýer deňizinde başlan NAWTEX ýüzlenmelerini Egeýde-de dowam etdirip, adalaryň resmi bolmadyk hukuk derejesiniň bozulmagyna ünsleri çekedi we diplomatik derejede bu meseläni öňe çykarmaga başlady.

Meseläniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugruna öwrülmeginde iki faktor kesgitleýiji boldy. Şolaryň birinjisi Gresiýanyň soňky döwürde yzly-yzlyna edýän agressiw başlangyçlary. Şeýlelikde Gresiýa bir tarapdan Fransiýa bilen goranyş paktyna gol çekişip, ABŞ bilen harby ylalaşyklary möhletsiz uzaltdy we ABŞ-na köp sanly harby baza berdi. Bir tarapdan bolsa agressiw hem-de aşa ýokary ýaraglanma syýasatyna girişdi. Adalaryň harby däl hukuk derejesiniň bozulmagyny üýgewsizleşdirmek we kanunylaşdyrmak üçin şol adalary NATO-nyň türgenleşiklerine we başga ýurtlaryň türgenleşiklerine goşmaga synanşdy. Şol başlangyçlary edýärkä bolsa Türkiýe bilen syýasy gepleşikleri we geňeşmeleri dowam etdirdi. Emma soňky döwürde Mikotakisiň Türkiýä garşy başlangyçlaryny syýasy taýdan-da gizlemekden çekinmezligi, sözüň doly manysynda käsani daşyran soňky damja boldy.

Ikinji faktor bolsa Türkiýäniň güýçlenýän diplomatik we harby pozisiýasy bilen bagly. Soňky ýyllarda tapawutly frontlarda uly garşylyklara sezewar bolan Türkiýe, olara netijeli gaýtawul görkezdi we möhüm netijeler aldy. Ukraina meselesinde özüne mahsus göçümler bilen hem Ankara manýowr sferasyny giňeltdi.

Şol çäkde Gresiýanyň soňky döwürdäki başlangyçlaryndan netije alma ähtimallygy Türkiýe üçin täze garşylyklary ýüze çykaryp biler. Şol sebäpli öňüni alyjy we netijeli göçüm hökmünde adalaryň harby däl hukuk derejesiniň dowam etmegini özara gatnaşyklarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugruna öwürene meňzeýär.

Türkiýe-Gresiýa dartgynlygyndan harby çaknyşyk ýa-da söweş ssenarisini ýasmak üçin entek ir görünýär. Emma Gresiýanyň adalaryň ýaraglandyrylmagy bilen bilelikde Egeýde we beýleki ýerlerde edýän we etjek bikanun başlangyçlaryna garşy Türkiýäniň ozalkysy ýaly geçirimlilik etmejekdigi mälim. Şol çäkde Türkiýäniň şol bikanun başlangyçlara garşy diplomatik, syýasy we harby basyşyny artdyrjakdygy görülýär. Wakalar bolsa esasanda Gresiýanyň mundan soňky başlangyçlaryna görä ugrugar.



Degişli Habarlar