2022-nji ýylda Ýakyn Gündogar

Aktual Analiz

1759397
2022-nji ýylda Ýakyn Gündogar

 2021-nji ýyl Ýakyn Gündogar üçin iňňän kynçylykly geçdi. Bir tarapdan Kowid-19-yň ýüze çykaran meseleleriniň ykdysady we syýasy netijeleri bolan bolsa, Siriýa, Liwiýa ýaly ençeme ýurtda-da çaknyşyklar dowam etdi hem-de syýasy durnuklylyk doly üpjün edilip bilinmedi. ABŞ, Owganystanyň başda durmagynda sebitdäki goşunlaryny yza çekmegi bolsa hem Hytaý we Russiýa hem-de Türkiýe we Eýran ýaly sebit ýurtlary üçin geosyýasy taýdan täze pursatlary ýüze çykardy. 2022-nji ýyl bolsa sebit üçin hem uly pursatlary hem-de howplary özünde jemleýär.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunun tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2021-nji ýyl Ýakyn Gündogar ýurtlary üçin agyr ýyl boldy. Esasanda global pandemiýanyň tasirleri agyr duýuldy, ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlaryna agyr zeper ýetdi. Türkiýe ýaly saglygy goraýyş ulgamy güýçli bolan birnäçe ýurt synagdan gowy geçen bolsa, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň esasy böleginde agyr kynçylyklar ýüze çykdy. Liwiýada, Siriýada we beýleki birnäçe ýurtda çaknyşyklar dowam eden bolsa, syýasy durnuklylyk emele gelmedi. Şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanyň başda durmagynda sebitden goşunlaryny çekmäge başlamagy güýç boşlugyny emele getirdi. Russiýa we Hytaý ýaly daşarky güýçler şol boşlugy doldurmaga synanşýan bolsa, Türkiýe we Eýran üçin hem möhüm pursatlar ýüze çykdy. Ozal ABŞ-na daýanyp, gödek we egilşiksiz syýasat alyp baran Aýlag sebitiniň ýurtlary bolsa bar bolan syýasatlaryny özgerdip, sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň ýollaryny gözlemäge başladylar.

2022-nji ýylyň beýan edilen hususlara laýyklykda ugrukma ähtimallygy ýokary görünýär. Ýagny, bir tarapdan ABŞ-nyň çekilmegi sebäpli emele geljek güýç boşlugynyň nähili dolduryljakdygy, beýlekisi bolsa Türkiýe bilen BAE-niň, Saud Arabystanynyň we Müsüriň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrma tapgyry. Şol sanda Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy hem tapgyra uly täsir ýetirse gerek. Ýakyn Gündogardaky ähli ýurtlar konýentura laýyklykda dürli sebäplerden hem bolsa gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň ýollaryny gözleýärler. Birnäçe wagtdan bäri dowam edýän dartgynly gatnaşyklar ýurtlary iňnän ýadatdy. Emma Ýakyn Gündogar üçin kadalaşma tapgyrlary oňyn ýaly görünýän hem bolsa, esasanda Eýranyň ýadro maksatnamasyndaky egilşiksizligi, Ysraýylyň wehimleri we Siriýa, Liwiýa, Liwan, Ýemen ýaly sebitdäki durnuksyzlyklar hem uly howp emele getirme potensiýasyny dowam etdirer. Sebitde konstruktiw meseleler çözülmän, hakyky kadalaşma we onuň konstruktiw şertleriniň ýüze çykmagy üçin mümkinçiligiň bardygyny aýtmak kyn bolsa gerek.



Degişli Habarlar