Sebitleýin Kadalaşmanyň Çäkleri

Hepdäniň syny

1749706
Sebitleýin Kadalaşmanyň Çäkleri

 

Ýakyn Gündogar sebitinde birnäçe wagtdan bäri diplomatik kadalaşma tapgyry başdan geçirilýär. Uzak dowam eden çaknyşyklardan soň sebitiň öňdebaryjy liderleri çaknyşykdan diplomatiýa geçýän iş meýilnamasyny taýarladylar. Şeýle kadalaşma ilki Ysraýyl bilen “Ybraýym” ylalaşygynyň çäginde duşuşan Birleşen Arap Emirlikleri bilen birlikde Tramp iş başynda mahaly başlapdy. Soň bu tapgyr Bahreýniň we Marokkonyň goşulmagy bilen Ysraýyl-Arap kadalaşmasynyň çarçuwasy giňeldildi.

SETA-nyň Howpsuzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

“Arap bahary” sebitde ýerleşýän ýurtlary bir-birleri bilen söweşýän tapawutly bloklara itdi we Siriýanyň, Liwiýanyň, Ýemeniň, Yragyň başda durmagynda ençeme ýurdy ejizletdi. Türkiýe bilen birlikde Saud Arabystany, Eýran we Müsür ýaly sebitiň adaty güýçleri energiýalaryny öz howpsuzlyklaryny üpjün etmek üçin sarp etdiler. BAE we Katar ýaly Aýlag sebitiniň kiçi ýurtlary bolsa bu möhletde artykmajy bilen ýadadylar. Ysraýyl, özüne gönükýän howplar günsaýyn artýan hem bolsa, bu tapgyryň gazanan tarapynda durdy. Eýsem bir tarapdan arap ýurtlary öz aralarynda düşnüşmän, ejizlän bolsa, sebitdäki iki esasy bäsdeşi Eýran we Türkiýe Siriýa arkaly iki taraply wekilçilik söweşine tutluşdylar. Indi bolsa, täze bir döwrüň gapysyny açmaga synanşýarlar.

Şeýle göçüm ilki garaşylmadyk häsýetde Türkiýe bilen BAE-niň arasnda edildi. “Arap baharyndan” soň tas ähli sebitleýin düşnüşmezlikde gapma-garşy duran iki ýurt, soňunda ylalaşmagy saýlap aldylar. Ysraýyl bilen BAE-niň arasyndaky kadalaşma tapgyry bolsa golaýda Ysraýylyň Premýer-ministriniň BAE-ne sapary bilen çarpaýa galdy. Taryhda ilkinji gezek Ysraýyldan Premýer-ministr derejesinde BAE-ne sapar guraldy. Bennettiň saparynyň öň ýanynda Katar Türkiýäniň Prezidenti Erdogany myhman alypdy. Erdogan sebitiň möhüm ähmiýetli strategik ýurdy bilen özara gatnaşyklaryň stratgegik derejesini dowam etdiriji häsýete eýe bolan sapar bilen Kataryň Türkiýe üçin nähili möhüm ähmiýetlidigini nygtady. Dohanyň beýleki bir myhmany bolsa Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed Bin Salmandy. 2017-nji ýylda Katara goýulan gurşawdan soň başdan geçirilen kadalaşma tapgyrynyň hamala diýersiňiz kulminasion nokadyny emele getirdi. Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrma tagallasy bilen Türkiýe-Müsür we Türkiýe-Ysraýyl arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy ugrundaky tagallalara seredilende sebitde täze bir utgaşyklyk döwri ýüze çykyp biler. Emma uly netijelere garaşmak ýerlikli bolmaz. Onuň birnäçe sebäbi bar.

Birinjisi gatnaşyklary kadalaşdyrma tagallalarynyň global derejedäki bäsleşigiň güýçlenýän döwründe ýüze çykmagy. ABŞ-Hytaý we Russiýa bilen günbataryň arasyndaky bäsleşigiň günsaýyn çaknyşyga tarap ugrukýan günlerinde seismiki haosyň sebite oňyn täsiri mümkin bolmasa gerek. Şol çäkde beýleki bir husus bolsa ABŞ-nyň ünsüni Hytaýa gönükdirýärkä Ýakyn Gündogary öz erkine goýbermäge başlamagydyr. Amerikan hökümeti onuň beýle däldigini beýan edýän hem bolsa, Owganystanda başdan geçirilenler Ýakyn Gündogardaky taraplar üçin sapak aýratynlygyna eýedir.

 Ikinji bir möhüm mesele bolsa, sebitleýin meseleleriň henizem çözülmänligi. Siriýanyň başda durmagynda Liwiýa, Liwan, Ýemen we Yrak çaknyşyk potensialy ýokary bolan ýurtlaryň sanawynda durýar. Ýagny çaknyşyklaryň gutarandygyny aýtmak üçin heniz ir. Beýleki bir husus bolsa çaknyşygyň syýasy taýdan dowam edýän tarapynda ylalaşygyň gazanylmazlygy.

Üçünjisi, şol bir wagtda-da iň esasysy bolsa Eýranyň ýadro syýasatynyň näbelli bolmagynda galmagy. Wenadaky gepleşiklerden netije almak üçin resmi Tähranyň egilşik däl, egilşikler etmegi gerek. Mesele çözülmedigi saýyn Ysraýylyň Eýrana garşy harby çözgüt üçin London, Waşington we Aýlag liniýasyny ugrukdyrma ähtimallygy ýokarlaýar. Şol ähtimallygyň harby çaknyşyga öwrülme howpy sebit taýdan kadalaşma şertleriniň dolulygyna ýok bolmagy diýmegi aňladýar.

Jemläp aýdanymyzda kadalaşma hem mejbury hem-de islege laýyklykda ýüze çykýan tapgyr, emma iňňän ynjyk mesele.



Degişli Habarlar