Türkiýäniň Ilkinji Sink Önümçilik Desgasy Siirtde Açyldy

Desgada ilki 30 müň tonna sink öndürler.

1742984
Türkiýäniň Ilkinji Sink Önümçilik Desgasy Siirtde Açyldy

Türkiýäniň ilkinji sink önümçilik desgasy Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Siirtde ulanylmaga berildi.

102 million dollarlyk maýa goýum bilen Türkiýe we Katar tarapyndan gurlan bilelikdäki Lineer metal sink önümçilik merkezi, Türkiýäniň ilkinji sink metal külçelerini öndürer.

Türkiýe häzirki wagtda ýylda 250-300 müň tonna sink import edýär. Import edilýän sinkiň gymmaty ýylda azyndan 1 milliard dollara golaý.

Desgada ilki 30 müň tonna sink öndürler.

Desganyň doly ulanylmaga berilmeginden soň önümçilik 90 müň tonna ýetirler.

Sink önümçilik desgasy Siirtde we Hakkaride 3 müň adama iş mümkinçiligini hödürlär.

 


Etiketkalar: #önümçilik , #desga , #sink

Degişli Habarlar