Birleşen Arap Emirliklerine liderlik edýän Muhammed bin Zaýed Al Nahaýanyň Türkiýä guran sapary

Hepdäniň syny

1743222
Birleşen Arap Emirliklerine liderlik edýän Muhammed bin Zaýed Al Nahaýanyň Türkiýä guran sapary

 

Birleşen Arap Emirliklerine liderlik edýän Muhammed bin Zaýed Al Nahaýanyň Türkiýä guran saparyndan soň synçylar Türkiýe-Aýlag sebiti gatnaşyklarynyň geljegini seljermäge başladylar. Zaýediň Türkiýä sapary 2011-nji ýyldan bäri iki bloga bölünen we aldym-berdimli göreşýän iki ýurduň gatnaşyklarynda ýeten sepgidi görkezmegi taýdan iňňän möhüm. Sapar bilen bilelikde taraplaryň arasynda 10 milliard dollarlyk söwda we maýa goýum ylalaşyklaryna gol çekişilmegi bolsa gatnaşyklaryň geljegi taýdan görkeziji häsýete eýe. Syýasy taýdan soňky 10 ýylda iki taraply berk syýasat alyp baran iki ýurduň ykdysady gatnaşyklary ondan agyr zyýan çeken hem bolsa, saparyň sebitiň gelejegi taýdan möhüm netijesi bar.

SETA-nyň Howpsuzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Iki ýurt birnäçe wagtdan bäri dowam edýän ýakynlaşma boýunça iki taraply başlangyçlar edipdi. Emma hiç kim kadalaşmanyň şeýle ýokary depginli bolmagyna garaşmaýardy. Şol ýakynlaşmanyň aňyrsynda iki tarap üçin hem käbir sebäpler bar. Sapar ähli zatdan ozal sebitleýin we global özgerlişiň gönüden netijesi bolup durýar. ABŞ-da Baýdeniň Ýakyn Gündogar we Aýlag sebiti meselesinde Trampyň syýasatlaryny özgerdiji pozisiýa eýelemegi BAE-nin başda durmagynda Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlary aladalandyrdy. Baýden häkimiýet başyna gelen badyna Trampyň BAE-ne we Saud Arabystana hödürlän “açyk çek” syýasatynda el çekdi. Şeýlede Baýden ýadro syýasaty sebäpli Tramp döwründe Eýrana goýulan “doly basyş ediji” syýasaty hem bes etdi we ol Eýranyň öňünde ejizlän Aýlag ýurtlaryny başga gözleglere gönükdirdi.

Reaksiýa hökmünde sebit ýurtlary beýleki ýurtlar bilen bagly dartgynlyklary azaltmak netijesine geldiler. Üssesine Saud Arabystany bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda birnäçe wagtdan bäri dowam edýän we Ýemen meselesinde has aç-açan ýüze çykan düşnüşmezlik, Aýlag sebitinin iki  ýurdunyň arasyndaky utgaşyklygy hem bozupdy. Daşary syýasatynda iňňän pragmatiki we hakykatçyl bolan BAE ony Türkiýe bilen ýakynlaşmak üçin pursat hökmünde kabul etdi we sebitiň beýleki  ýurtlaryndan öň herekete geçip, resmi Ankara bilen bolan dartgyn diplomatiýasyndan el çekip, kadalaşmak üçin möhüm başlangyç etdi. Elbetde sebitdäki kadalaşma tolkuny Katara goýulan çäklendiriji syýasatyň ortadan aýyrylmagy bilen has ir başlapdy.

Türkiýe üçin hem kadalaşmanyň rasional hakykatlary bar. Eýsem ol, bir taraply tagyr hökmünde seljerilmesin. Resmi Ankara hem birnäçe wagtdan bäri düşnişmezlikleri başdan geçirýän sebit ýurtlary bilen kadaly gatnaşyk açmak üçin gözlegleriň yzynda. Mürüs, Ysraýylwe Saud Arabystany bilen kadalaşma beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende has çalt boldy we Türkiýe bu meselede “açyk diplomatiýanyň” öňüne bökdençlik goýmagy saýlap almady. Eýsem Ankara soňky wagtlarda özüne garşy sebitde emele gelen bloklaşmany böwüsmegiň ýoluny gözleýärdi. Ol Ankaranyň bar bolan pozisiýasyndan egilşik etmezden Gresiýa we Günorta Kipriň töwereginde emele gelen ýaranlygy dartgatma gözleginiň hem bir bölegi hökmünde kabul edilmeli. BAE bilen başdan geçirilen ýakynlaşma ine şeýle döwürde iş ýüzüne geçdi.

Indi jogaby gözlenýän esasy sorag,bu kadalaşmanyň ýakynlaşma sebäp bolup bolup bolmajakdygy. Şübhesiz BAE bilen Türkiýe liwiýa, Müsür we Siriýa ýaly meselelerde tapawutly syýasy düşünjä eýedir. Emma BAE bilen kadaly gatnaşyklar Türkiýäniň Müsür we Saud Arabystany bilen hakyn gatnaşyk açmagyny üpjün edip biler we şol wagt hem sebitleýin düşnüşmezlikler birin-birin çözüer. Bularyň ählisiniň iş ýüzüne geçmegi üçin 2022-nji ýylyň birinji çärýegine garaşmaly bolarys.



Degişli Habarlar