Siriýanyň demirgazygyndaky hereketlilik artýar

Aktual Analiz

1726905
Siriýanyň demirgazygyndaky hereketlilik artýar

Soňky döwürde Siriýanyň demirgazygyndaky hereketlilik artýar. Türk ýaragly güýçleri bilen oppozisionerler,  terror guramasy PKK/ÝPG-ä degişli ýerlerde terrorçylar bilen çaknyşýar. Türk ýaragly güýçleriniň käbir etrapçalara esger ornaşdyrandygy nygtalýar. Türk we rus harby wekiliýetleri guralmagy ähtimal harby operasiýa üçin gepleşikler geçirýär. Türk ýaragly güýçlerine we Milli howpsyzlyk gullugyna degişli ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bolsa ýygy-ýygydan PKK/ÝPG-nyň ýokary derejedeli ýolbaşçylaryny nyşana alýan operasiýalar geçirýär.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Prezident R. T. Erdoganyň “indi sabrymyz galmady” diýýän we Siriýadaky PKK/ÝPG-ny nazarda tutýan beýannamasyndan soň Siriýanyň demirgazygyndaky hereketlilik has-da artdy. Türk ýaragly güýçleriniň we Siriýanyň milli goşunynyň, Siriýanyň demirgazygynda guraýan operasiýalarynyň depgini güýçlendi. Terror guramasy PKK/ÝPG bolsa bir tarapdan propaganda işlerini alyp baryp halkara töwereklerinden goldaw almaga çalyşýar, beýleki tarapdan Türkiýäniň gözegçiligi astynda ýerlere guraýan hüjümlerini dowam etdirýär. Terror guramasy PKK/ÝPG-niň esasan Tel Ryfat, Manbiç, Aýn Al Arab, Aýn İsa we Tel Tamir ýaly etrapçalarda tuneller gazyp guralmagy ähtimal operasiýa üçin harby taýarlyk görýändigi aýdylýar.

Wagtal-wagtal front liniýalarynda çaknyşyklar dowam edýär. Türk ýaragly güýçlerine we Milli howpsyzlyk gullugyna degişli ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bolsa ýygy-ýygydan PKK/ÝPG-ny nyşana alyp terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmäge dowam edýär.

Türkiýäniň gurajak harby operasiýasynyň möhledini we gerimini rus harby wekiliýeti bilen geçirilýän gepleşikler kesgitlär. Terror guramasynyň Siriýanyň demirgazygyndan çekilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylman halatynda Türk-Rus dartgynlygy esasan İdlibiň günortasynda täze wekilçilik söweşine öwrüler. Türkiýe bolsa bir taraply ýagdaýda birnäçe ýerde terror guramasy PKK/ÝPG-ny nyşana alýan operasiýalara başlar.

Russiýa Siriýada harby taýdan Siriýanyn hökümetiniň ýurduň çar tarapyny häkimiýeti astyna almagyny, Türkiýäniň we ABŞ-nyň Siriýadan çykarylmagyny maksat edintär. Emma Russiýanyň bu maksadyna ýetmegi mümkin däl.

 SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň Siriýanyň demirgazygynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakyndaky analizini dykgatyňyza ýetirdik.

 



Degişli Habarlar