Türkiýäniň Terrorizme Garşy Göreşiniň Siriýa Ugry

Hepdäniň syny

1702563
Türkiýäniň Terrorizme Garşy Göreşiniň Siriýa Ugry

Türkiýänin terrorçylyga garşy göreşi egilşiksiz dowam edýärkä Türk ýaragly güýçleri we Milli howpsuzlyk guramasy birnäçe ýurtda şol bir wagtda harby operasiýalar bilen terror guramasyny ýok etmäge synanşýar. Emma soňky günlerde esasanda Siriýada yzly-yzyna möhüm operasiýalar bilen guramanyň Siriýadaky bölegi PÝG/ÝPG-ä agyr zarbalar uruldy. PÝD/ÝPG, Amerikan hemaýaty astynda Siriýadaky pozisiýasyny dowam etdirýän bolsa, Türkiýe gurama agyr zarba urmaga başlady.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Terror guramasy PKK Türkiýede baş terrorçy Abdullah Öjalan tarapyndan 1970-nji ýyllaryň ortalarynda dördilenden soň, esasanda Siriýanyň razwedka gullugy bilen gatnaşyk açyp, Siriýada guramalaşdy we güýçlenmäge başlady. Siriýanyň hökümeti, kaka Asad döwründe Liwanda Bekaa düşelgelerinde guramanyň agzalaryna tälim berip, Türkiýä garşy ulanmaga girişen hem bolsa, Türkiýäniň harby operasiýa hemlelerinden soň Öjalany we guramanyň beýleki agzalaryny ýurtdan çykardy. Emma Siriýa ynkylabynyň başlamagy bilen birlikde hökümet ýaňadandan PKK-ny hem ynkylapçy güýçlere hem-de Türkiýä garşy ulanmak üçin işe girişip, Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirip, birnäçe etrapdan çekilip, olary terror guramasynyň garamagyna berdi.

Terror guramasy, hökümet bilen ylalaşykly hyzmatdaşlygyny güýçlendirýän bolsa, Siriýanyň demirgazygyndaky ençeme etrapda höküm sürmäge başlady, soň bolsa DAEŞ-e garşy göreş ady astynda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk edip, pozisiýasyny hasam berkitdi. Esasanda 2014-nji ýylyň ortalaryndan başlap terror guramasy PÝD/ÝPG, ABŞ-dan alan goldawy bilen Siriýanyň demirgazyk gündogarynda birnäçe etraby ele geçirdi we Rakka, Deýrezzor ýaly energiýa çeşmelerine baý arap etraplarynda-da gözegçiligi Amerikan esgerleri bilen birlikde ýola goýdy.

Guramanyň esasy maksady gözegçiligindäki Afrin bilen Siriýanyň gündogaryndaky etraplary birleşdirip, netijede Gündogar Ortaýer deňizine çenli gelmek we deňiz bilen arabaglanşykly awtanom dolanşyk modelinde kiçijik döwletjiç gurmakdy. Emma Türkiýe 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň, ilki “Ýefrat Galkany” soň bolsa “Zeýtun Şahajygy” operasiýalary bilen şol maksatlary puja çykarmagyň hötdesinden geldi. Soň bolsa “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky Tel Alabýad bilen Rasulaýny terror guramasyndan saplap, “PKK döwleti” maksatnamasynyň öňüni almagyň hötdesinden geldi. Türkiýe şol döwürde Amerikan esgerlerini hem sebitden çykardy, Russiýa we Siriýanyň hökümetine degişli güýçler bolsa Ýefradyň gündogarynda belli etraplara ornaşdy.

PÝD/ÝPG bu wakalara garmazdan Ýefradyň günbatarynda Tel Ryfat we Manbij welaýatlarynda, Ýefradyň gündogarynda bolsa Aný al Arapdan Malikiýä, günorta tarapda bolsa Rakkany we Deýrezzoryn bir böleginde henizem höküm sürýär. Türkiýe bir tarapdan ABŞ we Russiýa basyş edip, terror guramasynyň pozisiýasyny gowşatmaga synanşýan bolsa, bir tarapdan-da aragatnaşyk zolaklarynda guramanyň agzalaryna zarba urup, Milli howpsuzlyk guramasynyň netijeli operasiýalary bilen uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjümleri bilen guramanyň ýolbaşçy diýilýän adamlaryny täsirsiz ýagdaýa getirýär. Türkiýe terroryň hökmürowanlygynda ýaşamaga mejbur bolan kürtler we araplar bilen gatnaşyk açyp, olary gurama garşy goramaga hem-de gönükdirmäge synanşýar.

Türkiýe ýurtda terror guramasyna agyr zarba urup, Yrakda netijeli harby operasiýalar bilen gurama uly basyş edilen bolsa, Siriýa tarapynda Amerikan hemaýatynda pozisiýasyny dowam etdirmäge synanşýar. Emma Türkiýe şol hakykata göz ýetirmek bilen, Siriýanyň hem terror guramassy üçin howpsuz dädigini her pursatda görkezýär we oňa her pursatda zarba urmaga dowam edýär.



Degişli Habarlar