Peşmerge-PKK Çaknyşygy Siriýany Özüne Çekýär

Hepdäniň syny

1665299
Peşmerge-PKK Çaknyşygy Siriýany Özüne Çekýär

Türkiýäniň, Yragyň demşrgazygynda depgini güýçlenýän harby operasiýalaryndan soň başlan Peşmerge-PKK çaknyşygy wagtal-wagtal dowam edýan bolsa, taraplaryň arasyndaky çekeleşik Siriýany hem öz içine çekmäge başlady. PÝD/ÝPG-niň liderleri diýilýänleriň KDP-ä garşy beýannamalary bilen birlikde KDP-niň liderleri hem PÝD/ÝPG-niň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümidigini nygtap, garşylyk görkezipdi. Indi bolsa Fişhabur/Samalka serhet geçelgesi ýapyldy, PÝD/ÝPG-niň Erbildäki wekili tussag edildi. K24-iň Siriýada terror guramasy PKK degişli ýerlerdäki ofisleri ýapyldy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe terror guramasy PKK garşy Yragyň demirgazygynda başladan uly harby operasiýasyny dowam etdirýän bosla, Milli howpsuzlyk guramasy kesgitlenen ýerlerde geçirýän operasiýalary bilen guramanyň ýokary derejeli diýilýän adamlaryny we ýerlerdäki serkerdelerini täsirsiz ýagdaýa getirýär. Türkiýäniň depgini ýokarlaýan harby operasiýalaryna Peşmergäniň ýerlerde goldaw bermegi bilen gurama gözegçilik edýän zolaklarynda gabaw astyna alynan bolsa, strategik çykgynsyzlygy başdan geçirýär. Hamala diýersiňiz ýok bolma howpuny başdan geçirýän ýaly howsalaly we kadasyz hereket edip, Peşmerge güýçlerine hüjüm edýär. Bir tarapdan KJK-niň liderleri KDP-ä garşy agyr beýannamalar çap edýärler, PKK arka durýan kürt halk köpçüligi we degişli jemgyýetçilik guramalary hem-de syýasy güýçler mobilizlenip, KDP-ä garşy basyş emele getirmek isleýär. Soňky gezek Ýewropada guramalaşdyrylan güýçler sebite gelip, PKK üçin janly galkan bolmaga synanşdylar, emma YKBÝ-niň şol güýçleri ýurtdan çykarmagy sebäpli şol synanşyk başa barmady.

KDP bilen terror guramasy PKK-nyň arasyda dowam edýän şol çekeleşigiň Siriýany hem öz içine almagy garaşylýan ýagdaýdy. Mundan ozal ÝPG-niň ýaranlaryndan ybarat bolan topar serhet zolagynda Peşmergä degişli gözegçilik nokadyna hüjüm edip, ony gysga möhletligine hem bolsa ele geçiripdi. KDP-ä degişli Kürt milli geňeşiniň ofisleri oada berilipdi, onuň aňyrsynda bolsa PKK-nyň ýaşlar guramasynyň bardygy anyklanypdy. Emma indi çaknyşygyň we çekeleşigiň möwjeýän günlerinde gönüden iki sebiti birikdirýän Fişahur/Samalka serhet geçelgesi ýapyldy. Aýraýynam PÝG/ÝPG-niň YKBÝ-niň ýanyndaky wekilleri Erbilde saklanyp, tussag edildi. PÝD/ÝPG bolsa oňa YKBÝ-niň media organy K24-iň ofislerini ýapyp, jurnalistik işleriniň öňüni almak bilen jogap berdi. Aýratynam Kamyşly, Aýnal Arab ýaly etraplarda terror guramasy PKK-ny goldaýan we KDP-ni ýazgarýan kiçi göwrümli birnäçe ýöriş guraldy.

Peşmerge bilen terror guramasy PKK-nyň arasynda başdan geçirilýän çaknyşyga we çekeleşige Siriýada PÝD/ÝPG-nin goşulmaga başlamagy, onuň PKK-nyň Siriýadaky bölegidigini aç-açan görkezýän bolsa, YKBÝ we KDP, PKK bilen göreşiň Siriýany hem öz içine almalydygyny ýene-de bir gezek gördi. KDP-niň liderleriniň YKBÝ-niň kemçiliklerinden peýdalanyp, hamala diýersiňiz rak keseli ýaly sebite ýaýran terror guramasyna garşy göreşmek üçin Türk ýaragly güýçleriniň harby operasiýalaryndan we gurama edilýän basyşdan ýerlikli peýdalanmaklary möhüm. KDP we Peşmerge indi harby operasiýalara gönüden gatnaşyp, Türkiýäni goldamak we şol terror guramasyndan halas bolmak üçin taryhy pursada eýe boldular. Şol pursatdan peýdalanmasalar bolsa terror guramasy bilen ýüzleşmäge we onuň jerimesini çekmäge dowam ederler.



Degişli Habarlar