Başika Bazasy
Hepdäniň syny
Yrakda ABŞ-nyň Erbildäki harby bazasy bilen Türkiýäniň Mosuldaky Başika bazalaryna şol bir wagtda hüjüm guralmagy ünsleriň ýaňadandan şol sebite gönükmegine sebäp boldy.
SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Türkiýäniň, Mosul şäheriniň 25 kilometr demirgazygynda ýerleşýän esasy harby bazasyna näme üçin hüjüm guraldy, hüjümiň aňyrsynda kim bar? Bu sorag möhüm. Esasanda soňky döwürde Sinjaryň başda durmagynda Türkiýäniň terrorizme garşy göreşi ýokary depginde dowam edýär.
Türkiýänin Yragyň demirgazygynda ululy-kiçili köp sanly harby bazasy we kiçi pozisiýalary bar hem bolsa, Başika hem göwrümi hem-de harby üpjünçiligi taýdan ählisinden tapawutlanýar. Şol baza terror guramasy PKK garşy göreş taýdan möhüm ähmiýetli däl, emma şol bir wagtda Mosulda terror guramasy DAIŞ-iň saplanmagyna we sbitiň durnuklylygyna goşant goşýar. Baza, Haşdi Watani güýçlerine hem ençeme wagtlap ýer eýeçiligini etdi we türk esgerleri şol güýçlere DAIŞ-e garşy tälim berdi. Elbetde bu sebitde messepçi syýasat alyp barýan käbir toparlary, esasanda Haşdi Şabiniň düzüminde iş alyp barýan radikal toparlary biynjalyk edýärdi. Esasanda Premýer-ministr Malikiniň döwründe Eýrana ýakyn durýan toparlaryň basyşy bilen Türkiýäniň bazadan çykmagy üçin basyşlar edilipdi. Emma Türkiýe şol çemeleşmelere üns bermän, resmi Bagdat bilen meseläni çözmek üçin gepleşikler geçiripdi.
Başika bazasyna raketaly hüjüme sezewar bolmagy ýada Haşdi Şabini saldy. Onda-da soňky döwürde Türkiýäniň Sinjar sebitine terror guramasy PKK-ny sebitde saplamak üçin operasiýa guramagy meýilleşdirýändigi aýdylýan günlerde. Haşdi Şaba degişli güýçleriň Sinjarda ornaşmaga dowam edýändigi we Erbil-Bagdat ylalaşygyna garşy ol ýerde PKK-nyň ýerli güýçleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigi hem göz öňünde tutulanda Eýrana ýakyn durýan güýçleriň hamala diýersiňiz Türkiýä gary operasiýa geçirýändigini görmek mümkin. Netijede Eýran üçin Sinjar strategik ähmiýetli, sebiti Siriýa barmak üçin logistiki geçelge hökmünde kabul edýär we elden gidirmek islemeýar. Emma pozisiýasyny PKK bilen hyzmatdaşlyk arkaly berkitme tagallasy uly ýalňyşlyk.
Netijede Türkiýe, Yrak we Siriýa zolagynda terror guramasy PKK-nyň höküm sürýän ýerleriniň ählisini saplamakda ygrarly we ony iş ýüzüne geçirmekden hem çekinmeýär. Eýrana ýakyn durýan toparlaryň Siriýada, esasan-da Afrinde şeýle synanşyklary bolan hem bolsa, ol ýaramaz netije beripdi. Türk goşunlary köp sanly şaýy söweşijini PKK terrorçylary bilen bilelikde täsirsiz ýagdaýa getiripdi. Indi Eýrana ýakyn durýan güýçler Türkiýäni Yragyň demirgazygynda synagdan geçirýär, onuň netijesi hem şol güýçler taýdan gowy bolmasa gerek.